Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, ekini haşal otlardan arassalamak we beýleki ideg işleri geçirilýär.

Mundan başga-da, häkim welaýatda Hasyl toýuny dabaraly belläp geçmäge taýýarlyk görlüşi, şeýle hem Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky pagtany ýitgisiz, iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça işleriň depginlerini güýçlendirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem häkime ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Häkim, ilki bilen, hormatly Prezidentimize Balkan welaýatynda döwrebap elektrik stansiýasynyň hem-de ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygyna, elektrik energiýasyny öndürýän gazturbina desgasynyň işe girizilmegine ak pata berendigi, Balkan welaýat köpugurly hassahanasynyň durkunyň düýpli täzelenip, açylyp ulanyşa berlendigi üçin welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyk arzuw etdi.

Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda pagta hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar. Ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin degişli ideg işleri, hususan-da, gögeriş we ösüş suwuny tutmak, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlardan arassalamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän we halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna buýsanjynyň nyşany bolan Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime pagta hasylyny ýygnamagyň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny hem-de onuň iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeler berildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda pagtaçy daýhanlar tarapyndan ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek hem-de ýygnalan hasyly harmanhanalarda bökdençsiz kabul etmek we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça zerur işler dowam etdirilýär. Welaýatyň ak ekin meýdanlarynda endigan gögeriş almak üçin ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, ýetişdirilen şaly hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak işleri guramaçylykly dowam etdirilýär.

Şeýle hem häkim welaýatda Hasyl toýuny giňden we guramaçylykly belläp geçmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanyşa girizilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek boýunça öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz, iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, welaýatyň bugdaý meýdanlaryndaky ideg işlerini, hususan-da, kadaly gögeriş almak boýunça degişli işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirmek, şaly oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belledi we şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlaryň we tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi üpjün edilýär. Önüm öndürijiler tarapyndan döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär, ýygnalan pagta hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda kadaly gögeriş almak üçin degişli ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär. Gögeriş we ösüş suwuny tutmak, oba hojalyk tehnikalarynyň kömegi bilen, ekini mineral hem-de organiki dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak hem-de Watan harmanyna tabşyryp, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Häkim ýurdumyzda dabaraly belleniljek Hasyl toýy mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de häkime pagta ýygymynyň depginleriniň güýçlendirilmegini, ýetişdirilen hasylyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, şeýle-de şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, häkime Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýygnalan pagta hasyly harmanhanalarda gündelik kabul edilýär we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Hususan-da, gögeriş suwuny tutmak, meýdanlaryň zerur bolan ýerlerinde haşal otlardan arassalamak işleri geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, gant şugundyrynyň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, gündelik ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime ýetişdirilen pagta hasylynyň yrýasyz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gant şugundyrynyň hasylynyň ýitgisiz hem gysga möhletde ýygnalyp alynmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamak babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan ýetişdirilen hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap almak hem-de tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek, ýygnalýan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri alnyp barylýar, gögeriş alnan ýerlerde haşal otlardan arassalamak boýunça çäreler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly oragy, Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär.

Mundan başga-da, wise-premýer noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilip geçiljek Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işler babatda anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigi tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň