Türkmenistana Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasy gowşuryldy

Ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň gowşurylmagy Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ýaly möhüm ulgamda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Bu waka mynasybetli ýakynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Arkadagyň ýola goýan saglyk sahawaty — bagtyýar durmuşyň gözbaşy» atly maslahat geçirildi.

Foruma Hökümet agzalary, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary hem-de professor-mugallymlary, saglygy goraýyş işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ýokarda agzalan güwänama Türkmenistanyň immunizasiýa arkaly wirusly gepatitiň B görnüşine garşy göreş boýunça sebitleýin maksatly görkezijileri ýerine ýetirendigini tassyklaýar. Resminamada tutuş Ýewropa sebitinde jemgyýetçilik saglygyna abanýan howp hökmünde wirusly gepatitleri aradan aýyrmak boýunça maksatlary ýerine ýetirmekde bu üstünligiň uly ähmiýete eýedigi bellenilýär.

Maslahata gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Halkymyzyň saglygy we abadançylygy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämizden gözbaş alýan bu öňdengörüjilikli strategiýanyň esasy ugrudyr.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasy we beýleki birnäçe ugurdaş döwlet maksatnamalary bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň öňdebaryjy düzümleriniň — BSGG-niň, BMGÖM-niň, ÝUNISEF-niň we beýlekileriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Türkmenistana we onuň saglygy goraýyş edaralaryna dürli ýyllarda gowşurylan halkara derejeli güwänamalar muny aýdyň tassyklaýar.

Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman infrastrukturasynyň kemala gelendigi bellenildi. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda iň täze enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar gurulýar, ugurdaş desgalar ulanmaga berilýär. Munuň özi dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli saglygy goraýyş we bejeriş hyzmatlarynyň giň görnüşiniň halkymyza elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Şeýle hem ýurdumyzyň derman senagatynyň ösüşine täze itergi berildi.

Ilatyň kesellemek derejesini peseltmek strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, häzirki wagtda ýurdumyz sebitde immunizasiýa boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bu ugurdaky toplumlaýyn işler yzygiderli esasda dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek bilen, bu ugurda sebitleýin hem-de ählumumy derejedäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, saglygy goraýyş diplomatiýasynyň gurallarynyň netijeli peýdalanylmagyna mynasyp goşant goşýandygy hem nygtaldy. BSGG we BMG-niň agentlikleri bilen uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan oňyn hyzmatdaşlygyň netijesinde saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlarynda bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagyna, özara bähbitli tejribe alyşmaga, ylmy-barlag işlerini çuňlaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler, şol sanda zerur infrastruktura döredildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň meselelerini yzygiderli üns merkezinde saklaýandygy, ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň wajyp ugurlarynyň biri bolan bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge giň goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň