6-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 6-17-nji noýabry aralygynda Ženewada Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň 44-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň 4-nji synyna gatnaşdy.
Agzalan çäräniň
dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti adam hukuklary ugrunda kabul edilen
borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça ýurdumyzyň syýasatynyň esasy ugurlary
barada hasabat bilen çykyş etdi hem-de ozalky – 2018-nji ýylda geçirilen 3-nji
synyň çäklerinde öňe sürlen birnäçe meseleleri çözmekdäki möhüm öňegidişikler
we özgerişler barada habar berdi.
Mejlise gatnaşan
80-den gowrak ýurduň wekilleri tarapyndan hasabat döwründe Türkmenistanda adam
hukuklaryny üpjün etmek we berkitmek ugrunda amala aşyrylan oňyn çäreler, şol
sanda, bu ugurda iş alyp barýan halkara guramalary we adam hukuklary
babatyndaky mehanizmler bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, milli institutlaryň
kämilleşdirilmegi, ýurdumyzyň kanunçylygynyň halkara ülňülerine laýyklykda
yzygiderli özgerdilmegi, zähmet, iş üpjünçiligi, bilim, ykdysadyýet we
ekologiýa pudaklaryna degişli bolan halkara resminamalaryň kabul edilmegi
barada aýratyn bellenilip geçirildi. Şol bir wagtyň özünde, bu ugurlarda has
belent sepgitlere ýetmek üçin Türkmenistan üçin birnäçe teklipler berildi.
Synyň netijeleri
2024-nji ýylyň birinji çärýeginde geçiriljek Adam hukuklary boýunça geňeşiň
nobatdaky mejlisiniň çäklerinde beýan ediler.
Çeşme: Türkmenistanyň
Daşary işler ministrligi