Türkmenistan YHG-niň ýurtlaryny serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklige çagyrdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryny serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklige çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, YHG-niň ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmak möhüm bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, bu babatda biziň halklarymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlary, döwrüň hakykatlaryny göz öňünde tutup, gaýtadan janlandyrylmagy, ulanylmagy we baýlaşdyrylmagy talap edýän gymmatly tejribesi bar. Arkadagly Serdarymyz munuň üçin amatly serhetüsti gurşawy döretmek, ylalaşylan artykmaçlyklar we ileri tutmalar ulgamy bolan sebitleýin hyzmatdaşlygy höweslendirmek zerurdygyny belledi.

«Kiçi we orta telekeçiligiň üsti bilen işewür gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, senagat önümleriniň käbir görnüşlerini, oba hojalyk önümlerini öndürmek, hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ähmiýet berýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ýurtlarymyzyň eýe bolan mümkinçilikleri we niýetleri barada has giň habardar bolmak üçin anyk maglumatlary, teklipleri, işewürlik taslamalaryny we beýleki zerur maglumatlary öz içine alýan «Maglumat portalyny» döretmek baradaky pikire seretmegi teklip etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň