8-nji noýabrda paýtagtymyzda “Türkmengaz” döwlet konserniniň
wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda yrak
tarapy energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen
özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine Yrak
Respublikasynyň taýýardygyny ýene-de bir gezek beýan etdi. Şunuň bilen
baglylykda, taraplar türkmen tebigy gazyny goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň
çäklerinden “swap” usulynda Yraga ibermegi guramak bilen baglanyşykly
meselelere garadylar. Mundan başga-da, taraplar gaz pudagynda geljekde
bilelikde işlemegiň hukuk, täjirçilik, maliýe, guramaçylyk şertlerini
giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, ozal
“Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika
ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.
Bitarap Türkmenistan Garaşsyzlyk
ýyllarynda döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda açyk içeri we
daşary syýasaty alyp barýar. Şunda ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli, uzak möhletli milli
maksatnamalary durmuşa geçirmek ýoly bilen ynamly öňe ilerleýär. Şol
maksatnamalar döwlet gurluşynyň esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga,
köp pudakly ykdysady ulgamy döretmäge, möhüm durmuş wezipelerini çözmäge,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyçlary bilen halkara energetika hyzmatdaşlygynyň düýbünden täze
konsepsiýasynyň döredilendigini aýratyn bellemek gerek. Deň hukuklaryň we
mümkinçilikleriň üpjün edilmegi, şeýle hem öndürijileriň, üstaşyr iberijileriň,
dünýä bazarlarynda energiýany sarp edijileriň bähbitleriniň berjaý edilmegi bu
konsepsiýanyň esasy ýörelgesi bolup durýar.
Türkmenistanyň
ýangyç-energetika ulgamyndaky halkara ähmiýetli teklipleri birnäçe iri
energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde öz anyk beýanyny tapdy. Şol
taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Eýran, Türkmenistan
— Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijilerini, Türkmenistandan Eýrana hem-de
owgan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryny aýratyn bellemek
gerek. Şunda daşary döwletler we kompaniýalar bilen köp ýyllaryň dowamyndaky
bilelikdäki işiň netijesinde ýurdumyzyň özara ynanyşmak, hormat goýmak,
hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda iş alyp barýan jogapkärli
hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni görkezendigini nygtamak zerurdyr.
Türkmen tarapy geljegi uly,
täze hyzmatdaşlaryň hatarynda Uzak, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta,
Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň birnäçesi bilen gatnaşyklaryň
ösdürilmegini ileri tutýar. Şol döwletler energetika babatda Türkmenistan bilen
netijeli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýärler we ýokary derejede
başlangyçlaryny hödürleýärler. Şeýle döwletleriň hatarynda Yrak Respublikasyny
görkezmek bolar.
Şu gezekki duşuşygyň
netijeleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ýerlemek, satyn
almak, satmak boýunça şertnamanyň esasy täjirçilik şertleri barada Teswirnama
gol çekildi. Teswirnama laýyklykda, 5 ýyllyk möhlet bilen her ýylda türkmen
tebigy gazynyň 9 milliard kub metri “swap” usulynda Eýran Yslam
Respublikasyndan üstaşyr geçirilip, Yraga iberiler.
Şeýlelikde, uglewodorod
serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan özüniň energiýa
serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini mundan beýläk-de diwersifikasiýa
ýoly bilen ösdürmek syýasatyny yzygiderli alyp barýar.
Çeşme: Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi