Aşgabatda «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär

9-njy noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady. Bu forum «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Milli maglumat we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň gazanan üstünliklerini, mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmäge gönükdirilen iri pudaklaýyn forum geçirilýän ýyllarynyň dowamynda bu ulgamda hyzmatdaşlaryň dialogy hem-de dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Durmuş-ykdysady ösüşiň toplumlaýyn maksatnamalarynyň ýokary depgini we üstünlikli amala aşyrylmagy, uzak möhletleýin geljege niýetlenen ajaýyp meýilnamalar Türkmenistanda döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda telekommunikasiýalar, ýokary tizlikli maglumat tehnologiýalary ulgamyna maýa goýumlary çekmäge mümkinçilik berdi. Halkara ölçeglere laýyk gelýän we maglumat aragatnaşygynyň hilini üpjün edýän kämil telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki abraýyny pugtalandyrmaga ýardam eder hem-de türkmen döwletiniň diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde baglanyşdyryjy merkez hökmünde däl, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky iň möhüm maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmünde ösüşiniň geljekki ugruny hem kesgitlär.

Türkmenistan dünýä tejribesindäki ähli täzeçillikler we öňdebaryjy gazanylanlar üçin açykdyr hem-de milli bähbitleri göz öňünde tutup, ähli ýurtlar bilen ýakyn aragatnaşygy ýola goýmaga taýýardyr. Munuň şeýledigine nobatdaky foruma Azerbaýjandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Koreýa Respublikasyndan, Russiýadan, ABŞ-dan, Türkiýeden, Fransiýadan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan wekiliýetleriň gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär. Olar daşary ýurtlaryň aragatnaşyk, telewideniýe ulgamlary boýunça döwlet düzümlerine, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryna wekilçilik edýän ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijiler we iberijiler, täze tehnologiýalary, IT hyzmatlaryny, programma üpjünçiliklerini işläp düzüjiler, aragatnaşyk we kontent-prowaýder ulgamlarynyň iri halkara operatorlarydyr. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary we netijeli gatnaşyklary täze ugurlar boýunça dowam etdirmegi maksat edinýän «Thales Аlenia Space», «Nokia», «Huawei», «WNS», «Eling», «Geedge Networks», «Eutelsat», «Kazakhtelecom», «Tranzit Telecom», «AMD», «Rostelecom» kompaniýalary we beýlekiler bar.

...Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, döredijilik toparlary tanslary ýerine ýetirdiler, milli lybasdaky gyzlar bu ýere gelenlere däp bolan duz-tagamlary hödürlediler. Bu ýerde hemmelerde uly täsir galdyran robotlaryň şüweleňi hem guraldy. Ägirt uly bannerlerde kommunikasiýalar we aragatnaşyk ulgamynda ýokary tehnologiýalaryň gazananlary bilen bagly wideoşekiller görkezilýär.

Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygy bellenilýär. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlar ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmak we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Sanly tehnologiýalaryň gurluşy, maddy-enjamlaýyn, hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler, iri taslamalar durmuşa geçirilýär. «Ýöriteleşdirilen forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda we olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn» diýlip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagynda nygtalýar.

Iki günüň dowamynda serginiň myhmanlaryna dürli ugurlar, şol sanda maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar, telemetriýa we ölçeg enjamlary, simsiz aragatnaşyk, professional ses we wideoýazgy enjamlary, kabel önümleridir olaryň düzüm bölekleri boýunça serişdeler görkeziler.

Ulgamlaýyn düzüme goşulan sanly, kompýuter ulgamlary jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertine hem-de halk hojalygy toplumynyň dürli ulgamlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usulyna öwrüldi. Şoňa görä-de, maglumat önümlerini, aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän maglumat bazary Türkmenistanyň häzirki zaman ykdysadyýetiniň esasy ulgamlarynyň birine öwrülmelidir. Onuň netijeli işlemegi bolsa beýleki pudaklaryň ösüşine, umumylykda, makroykdysady ýagdaýlara oňyn täsirini ýetirýär.

Giň gerimli sergide 60-dan gowrak gatnaşyjy — aragatnaşyk we telekommunikasiýalar pudagynda uzak möhletleýin geljege gönükdirilen möhüm döwlet maksatnamalaryny hem-de taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzyň aragatnaşyk düzümleri we olaryň daşary ýurtly ygtybarly hyzmatdaşlary, beýleki ýurtlaryň kompaniýalarydyr firmalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýan türkmen telekeçileri öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň diwarlyklarynda myhmanlara hem-de sergä gatnaşyjylara torly we ykjam aragatnaşyk serişdelerinde, telearagatnaşyk ulgamlarynyň binýadynda maglumatlaryň elektron geçirilişi, milli teleradio gepleşikleriniň alnyp görkezilişiniň hilini üpjün etmek boýunça hyzmatlarynyň görnüşleri görkezilýär. «Türkmenpoçtanyň» diwarlygy täze hyzmatlary hödürleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu kärhananyň ýüzden gowrak şahamçasy işleýär. Olar hatlaryň, ýollamalaryň we döwürleýin neşirleriň bökdençsiz ugradylmagyny, jemagat hojalygynyň hyzmatlary, tizleşdirilen poçta ibermeleri we beýlekiler üçin tölegleriň kabul edilmegini üpjün edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi okgunly häsiýete eýe boldy. Munuň özi “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” doly laýyk gelýär.

Halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan diwarlyklar sergide giň meýdançany eýeledi. Türkmenistan «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilçilik etmeginde GDA-nyň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň (ASA) doly agzasy boldy. Häzirki wagtda ASA GDA-nyň elektrik we poçta aragatnaşygy babatda döwletara utgaşdyryjy geňeşiniň wezipelerini ýerine ýetirýär. Şunuň bilen birlikde, ol Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginde (HEB) hem-de Bütindünýä poçta birleşiginde (BPB) synçynyň derejesine eýe bolan halkara gurama bolup, halkara we sebit düzümleri bilen işjeň gatnaşyklary saklaýar.

Şu gezekki ýöriteleşdirilen forumyň öňüsyrasynda GDA agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy mejlisiniň hem-de GDA agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň bilelikdäki 29-njy mejlisiniň geçirilendigini bellemek gerek. Bu mejlisler halkara aragatnaşyk ulgamynyň möhüm wezipelerini çözmegiň bilelikde peýdalanyljak gurallaryny işläp düzmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem çäräniň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaş döwletler bilen bilelikde gadym döwürlerde Gündogaryň hem Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde gaýtadan dikeldilmegine işjeň gatnaşýar.

Optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça gazanylan üstünlikleri beýan edýän bölüm sergä aýlanyp görýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Bu taslamalar diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine hem mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda maglumat geçiriji döwletara optiki-süýümli ulgamlaryň 8-si hereket edýär. Şeýle hem gözden geçirilişde simli telefon aragatnaşygyny ösdürmek ulgamynda, «Internet bank» we «Mobil bank» hyzmatlarynda gazanylan üstünlikler görkezildi. Şeýle bank hyzmatlary arkaly ýurdumyzyň çäginde hem-de daşary ýurtlarda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyryp, haryt-pul gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirmek we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek mümkindir.

Sergide döwlet edaralary bilen birlikde, ýurdumyzyň telekommunikasiýalar we kompýuter tehnologiýalary bazarynda, şol sanda tehniki torlara hyzmat etmek, teleradio ýaýlyma beriş, wideogözegçilik we howpsuzlyk ulgamlarynda üstünlikli iş alyp barýan hem-de yzygiderli ösýän hususy kärhanalaryň, kompaniýalaryň köp sanlysynyň öz hyzmatlaryny mynasyp şöhlelendirendikleri bellärliklidir. Hojalyk jemgyýetleriniň, hususy kärhanalaryň 30-a golaýy, şolaryň hatarynda «Aýdyň gijeler», «Imdat elektronika», «Diýarkom», «Türkmen hemrasy», «Sitkom», «Beýik Ýüpek ýoly», «Ýokary tilsimatlar merkezi», «Türkmen Akaba» ýaly kompaniýalar ýurdumyzyň telekommunikasiýalar ulgamyny, öýjükli aragatnaşyk ulgamyny öňdebaryjylaryň hataryna çykarmakda telekeçileriň goşýan uly goşandyny giňden açyp görkezdi.

Halkara gözden geçirilişe ulag ulgamynyň agentlikleri we pudaklaýyn kärhanalary hem işjeň gatnaşdylar. Ýokary duýujylykly radionawigasiýa ulgamlary, ulag akymlaryna gözegçilik we beýlekiler olaryň üstünlikli işini hem-de howa, awtomobil, demir ýollarda hereketleri netijeli dolandyrmagy üpjün edýär.

Ýurdumyzda elektron resminama dolanyşygyna geçmek milli aragatnaşykçylaryň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy kärhanalary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edip, işleri alyp barmagyň ähli tapgyrlaryna tiz gözegçilik etmäge, resminamalaryň dolanyşygyny we esasy işleri ýerine ýetirmekdäki wagty azaltmaga, iş ýagdaýynda çözgütleri kabul etmek üçin zerur bolan maglumatlary dessin tapmaga mümkinçilik berer. Bu artykmaçlyklaryň ählisi, ahyrky netijede, önümçilikdäki işleriň diňe bir aýry-aýry kärhanalaryň we pudaklaryň derejesinde däl, eýsem, ýurdumyzyň bütin ykdysady toplumynyň ösüş depgininde-de beýanyny tapýar.

«Smart-siti» konsepsiýasy esasynda gurlup ulanmaga berlen Arkadag şäheri sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň giň gerimlidigine şaýatlyk edýär. Täze şäher milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleriniň we häzirki zaman dizaýn usullarynyň sazlaşygyny özünde jemleýär. Halkara ülňülere, şol sanda ekologik talaplara doly laýyk gelýän, oýlanyşykly işlenip düzülen şäher gurşawy ýaşaýjylaryň amatly, rahat durmuşyny üpjün edýär. Tutuşlygyna alnanda, Arkadag şäheri ýörite goşundylar hem-de programma üpjünçiligi arkaly dolandyrylýan maglumat-kommunikasion tehnologiýa çözgütleriniň bitewi meýdançasydyr.

Serginiň dowamynda daşary ýurtly myhmanlar türkmen kärdeşleri bilen birnäçe işewürlik duşuşyklaryny geçirdiler. Telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ulgamlaryny ösdürmegiň geljegi uly ugurlary bilen giňişleýin tanyşlyk hödürlenilýän teklipleriň gyzyklanma bildirilip ara alyp maslahatlaşylmagyna, özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini açmaga şert döretdi.

Şeýle hem şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş hünärmenleriniň gatnaşmagynda utgaşykly görnüşde «Data merkezlerini» ösdürmek we döretmek boýunça ýaşlaryň barlaglary» atly «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda “Data merkezlerini” işläp taýýarlamak we döretmek, giň göwrümli maglumatlary işläp taýýarlamagyň, saklamagyň talaplaryny ýönekeýleşdirmek, müşderilere hyzmat etmegiň hilini gowulandyrmak, täze tehnologiýalar bilen netijeli işlemek üçin işgärleri okatmak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän barlaglaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.

...Günüň ikinji ýarymynda ylmy maslahat öz işine başlady. Onda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň alymlary, bilermenleri, işewürleri öz teklipleri bilen çykyş etdiler. Maslahatyň işewürlik maksatnamasy adaty we onlaýn görnüşde guralan «Sanly transformasiýa: halkara dialog we hyzmatdaşlyk» atly umumy mejlisi hem-de «Sanly transformasiýa: kiberhowpsuzlyk», «Kommunikasiýalaryň geljegi», «Hemra tehnologiýalary, goşundylary we durnukly ykdysadyýeti hereketlendiriji güýç hökmünde hyzmatlar», «Sanly ösüşde döwlet strategiýasy: durnukly, ahlakly, giň gerimli sanly jemgyýeti gurmak» atly iş mejlisleriniň dördüsini öz içine aldy.

Umumy mejlisiň barşynda ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri häzirki zaman telekommunikasiýalar ulgamlarynyň, maglumat üpjünçiliginiň ýagdaýyna syn, olaryň geljekki ösüşine we mümkinçiliklerine baha berdiler. Nygtalyşy ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň, Bütindünýä poçta birleşiginiň, GDA-nyň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, GSM assosiasiýasynyň, Sanlary we domen atlary berkitmek boýunça internet korporasiýasynyň (ICANN) we başga-da birnäçe iri halkara guramalaryň doly hukukly agzasy bolup, bu düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň telekommunikasiýa ulgamyny kadalaşdyrýan hukuk binýady hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internetiň ösüşini we internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumatlar we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi.

Gazanylan üstünlikleriň hatarynda Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasyny uçuryp, kosmosy özleşdirýän ýurtlaryň hataryna goşulmagy guwandyryjy wakadyr. Ol adaty hem-de ýokary mümkinçilikli teleýaýlymlaryň onlarçasyny alyp görkezmäge şert döredýär. Ondaky iň täze enjamlar multiserwis aragatnaşyk hyzmatlarynyň toplumyny hödürlemäge niýetlenendir. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi ikinji milli emeli hemrany döretmek hem-de uçurmak boýunça işleri alyp barýar.

Umumy mejlisiň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana, Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň Baş sekretary Dorina Bogdan-Martina sanly ulgam arkaly gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Şeýle hem forumyň açylyş dabarasynda HEB-niň GDA ýurtlary üçin sebit bölüminiň direktory Natalýa Moçu, GDA-nyň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň Baş direktory Nuriddin Muhitdinow we beýleki abraýly guramalaryň wekilleri, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligi, onuň durmuş-ykdysady görkezijilerine halkara işewür toparlaryň berýän ýokary bahasy, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da gowulanmagy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň netijesidir. Ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamlaryny we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça täze taslamalar halkyň maddy üpjünçiliginiň we abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Munuň özi iri daşary ýurt maýadarlarynda aýratyn gyzyklanma döredýär.

Merkezi Aziýada hemra aragatnaşygynyň täze operatory hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ähmiýetli orny hakynda çykyşlar diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Hemra kommunikasiýa tehnologiýalary we programma önümleriniň bazary, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek ýaly ugurlar boýunça özara pikir alyşmalar bilen maslahat işini birinji mejlisde dowam etdi.

Ykdysadyýetiň ählumumy sanlylaşdyrylmagynyň kärhanalardan, guramalardan we kompaniýalardan hünärmenleriň innowasion tehnologiýalary çalt depginlerde özleşdirmek meselelerine aýratyn üns bermegini talap edýändigi bellenildi. Kommunikasiýalar ulgamynyň geljegi «internet meýdançalar», «bulut serwisleri», «5G», «Big Data tehnologiýalaryna geçmek», «ykjam maliýe», «kontenti özleşdirmegiň usullary» ýaly düşünjeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlary taýýarlanylan şekiller bilen utgaşdyrylyp, olar aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlygy pugtalandyrmak, sanlylaşdyrmakla IP ulgamyny, interneti ornaşdyrmak we howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak babatda öňe sürlen teklipler bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik döretdi.

Foruma gatnaşýan daşary ýurtly bilermenler türkmen kärdeşleri bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şunda döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli ünsi we goldawy netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman pudaklaýyn düzümleriniň kemala getirilendigi, innowasion işleri alyp barmak üçin şertlerdir mümkinçilikleriň döredilendigi bellenildi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ugruna ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamynda geljegi uly meýilnamalary hasaba almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň, halkara ylmy gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýardam edýän halkara guramalar we degişli düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy.

Maslahatyň çäklerinde «Mobil aragatnaşyk ulgamynyň indiki tapgyryny işe girizmek (IMT-2020/5G)» atly türgenleşik sapagy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar 5G ulgamly giňişligiň ägirt uly bähbitlere eýe bolan aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Nygtalyşy ýaly, aragatnaşyk ulgamynyň 5G — «bäşinji nesliniň», uly maglumatlaryň (Big Data) seljerilmegi we zatlaryň interneti (IoT) bilen bilelikde sanly ykdysadyýetiň esaslarynyň biri bolmaga gönükdirilendir. Onuň esasy herekete getirijisi bolsa emeli aň tehnologiýalary bolmalydyr.

Aragatnaşygyň ozalky görnüşlerinden tapawutlylykda, 5G-niň hyzmatlar ugry giň möçberli häsiýete eýe bolup, hyzmatlary ýerine ýetirmek mümkinçilikleri çäksizdir. Aslynda, işläp taýýarlaýjylaryň operatorlar bilen ýakyn hyzmatdaşlygy netijesinde täze hyzmatlar döredilende, 5G ulgamy täze hyzmatlary we goşundylary işläp taýýarlamak üçin bu giňişlikde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Umuman, 5G ulgamy diňe bir mobil aragatnaşygyny özünde jemlemän, eýsem, beýleki görnüşleri, şeýle-de ykdysadyýetiň pudaklary üçin ýöriteleşen we kärhana üçin niýetlenen ýokary tizlikli internet elýeterliligini hem üpjün edýär. 5G ulgamyny ulanmak arkaly täze hyzmatlar «akylly» öý tehnologiýalarynda, lukmançylykda, beýleki ugurlarda-da peýdalanylyp bilner.

Maslahatyň işiniň birinji gününiň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ýörite aragatnaşyk we maglumat howpsuzlygy boýunça Döwlet gullugynyň arasynda maglumat howpsuzlygy ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «ELINC China Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli barlag tehniki uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; «Türkmen hemrasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Fransiýanyň «Thales Alenia Space France SAS» hem-de «Eutelsat» kompaniýasynyň arasynda gizlinlik we aýan etmezlik barada üçtaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Şu gün hem «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergi we ylmy maslahat ugurdaş mejlislerde öz işini dowam edýär. Olaryň gün tertibine aragatnaşyk, hemra tehnologiýalary, ykdysadyýetde sanly goşundylar we hyzmatlar, sanly öwrülişik hem-de sanly jemgyýeti ösdürmek bilen bagly meseleler giriziler.

Forumyň jemleýji gününde oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga, bu ugurda täsirli häsiýete eýe bolan sebit we ählumumy işleri işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek, degişli güwänamalary gowşurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de talyplaryň arasynda geçirilen «Sanly çözgüt — 2023» atly bäsleşigiň jemleri jemlener.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň