Hormatly döwlet Baştutanlary, wekiliýet
ýolbaşçylary!
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen,
Onuň Alyhezreti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç
Mirziýoýewe Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň ýokary derejede
guralandygy, mähirli myhmansöýerlik we bildirilen hormat üçin minnetdarlygymyzy
ýetirmäge rugsat ediň!
Şu günki
ýokary derejeli duşuşyk ählumumy ykdysady ösüşiň gidişine we ugurlaryna gönüden-göni
täsir edýän çynlakaý geosyýasy wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolunýan döwürde
geçirilýär. Ol wehimler çylşyrymly häsiýetdedigine garamazdan, şol bir wagtda,
täze mümkinçilikleri açýar. Bu mümkinçilikleri netijeli we döredijilikli
görnüşde ulanmak, häzirki geoykdysady üýtgeşmeler babatda YHG-nyň eýe bolan
ähli amatly ýagdaýlaryny herekete geçirmek ýaly meseleler, biziň pikirimizçe,
ýakyn geljek üçin guramanyň esasy wezipesi bolmalydyr. Munuň üçin ähli zerur
şertler bar diýip hasap edýärin.
Şu nukdaýnazardan,
2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammiti
möhüm waka boldy. Bu ýokary derejeli duşuşyk ähmiýetli başlangyçlara we
wakalara baý bolup, biziň bilelikdäki işlerimize täze itergi berdi. Onda kabul
edilen Hereketleriň Aşgabat konsensusy baş resminama bolmak bilen,
hyzmatdaşlygyň ähli wajyp ugurlaryny, hususan-da, söwda, ulag, aragatnaşyk,
energetika, senagat, ykdysady ösüş, durmuş üpjünçiligi, daşky gurşaw, howanyň
üýtgemegi ýaly meseleleri we beýlekileri öz içine alýar.
Pursatdan
peýdalanyp, YHG-nyň ähli döwletleriniň Baştutanlaryna Aşgabat sammitiniň işine
işjeň gatnaşandyklary we onuň üstünlikli geçirilmegine gymmatly goşantlary üçin
çuňňur minnetdarlygymy bildirmek isleýärin. Şunuň bilen birlikde, “Hereketleriň
Aşgabat konsensusy” atly resminamadan gelip çykýan maksatlary we wezipeleri
ýerine ýetirmek boýunça görülýän netijeli çäreler üçin YHG-nyň Sekretariatyna
minnetdarlygymy bildirýärin.
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!
15-nji
sammitde kabul edilen resminamalara, kararlardyr ylalaşyklara esaslanyp, bize
gysga wagtyň içinde özara gatnaşyklary kesgitlemek, wajyp ähmiýetli meseleleri
açyp görkezmek we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge başlamak zerur bolup
durýar. Türkmenistanyň garaýşyna laýyklykda, häzirki döwürde aýratyn ähmiýete
eýe bolan käbir möhüm ugurlar barada durup geçmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn.
Ilki bilen,
özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek
barada bellemek isleýärin. Häzirki wagtda bu ulgamlar gatnaşyklarymyzyň esasy ugurlarynyň
biri bolmalydyr.
Türkmenistan
2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk eden döwründe
guramanyň sebitinde ykdysady geçelgeleri döretmek boýunça işe başlamagy teklip
etdi. Olary harytlaryň, hyzmatlaryň we maliýe serişdeleriniň hereket etmegi
üçin durnukly esasy ugurlaryň ulgamy hökmünde görýäris. Munuň üçin
ýurtlarymyzyň öňdebaryjy senagat şereketleriniň, maýa goýum kompaniýalarynyň,
banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ulgamlaýyn esasda ösdürmek
zerurdyr. Bu işler häzirki zaman tilsimatlarynyň giňden ornaşdyrylmagy bilen
utgaşykly alnyp barylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, sanly tehnologiýalar we
elektron söwda boýunça YHG-nyň Çarçuwaly ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip
edýäris.
YHG-nyň
ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen, serhetýaka
we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmak möhüm bolup durýar. Bu
babatda biziň halklarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlary, döwrüň hakykatlaryny göz
öňünde tutup, gaýtadan janlandyrylmagy, ulanylmagy hem-de baýlaşdyrylmagy zerur
bolan gymmatly tejribesi bar. Munuň üçin amatly serhetüsti gurşawy döretmek,
ylalaşylan artykmaçlyklar we ileri tutulýan ugurlar ulgamy bolan sebitleýin
hyzmatdaşlygy höweslendirmek zerurdyr. Kiçi we orta telekeçiligiň üsti bilen
işewür gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, senagat önümleriniň käbir görnüşlerini,
oba hojalyk önümlerini öndürmek, hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda we beýleki
ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ähmiýet berýäris.
Köptaraplaýyn
hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ýurtlarymyzyň eýe bolan mümkinçilikleridir
meýilleri hakynda has giňden habardar bolmak üçin anyk maglumatlary,
teklipleri, işewürlik taslamalaryny we beýleki zerur maglumatlary öz içine
alýan maglumat portalyny döretmek baradaky pikire seretmegi teklip edýäris.
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!
Biziň
ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň diňe YHG-nyň giňişligini tutuşlygyna öz içine alýan
döwrebap ulag-kommunikasiýa torlary bolan halatynda üstünlikli ösjekdigi we
hakykatdan hem netijeli boljakdygy äşgärdir. Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň
tutuş yklymyň ösmegine itergi beriji güýç hökmünde ähmiýeti aýdyň görünýär we
artýar. Bu işde guramamyza esasy orunlaryň biri degişlidir. Şonuň üçin möhüm
infrastruktura desgalary bolan ýollary, köprüleri, çatryklary, ammarlary,
terminallary we beýleki desgalary gurmak babatda hyzmatdaşlygy ileri tutulýan
ugur hökmünde kabul edýäris. Amaly nukdaýnazardan, degişli döwlet edaralarynyň,
hususy kompaniýalaryň gatnaşmagynda bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini
döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýäris.
Umuman,
häzirki wagtda biziň ulag edaralarymyzyň işlerini köp babatda ylalaşykly alyp
barmak we özara üstüni ýetirmek talap edilýär. Şu ýerde YHG-nyň ulag we
kommunikasiýa ugurlaryny ösdürmek boýunça Maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň
çäginde Sekretariatyň utgaşdyrmak boýunça işiniň ähmiýetini nygtamak isleýärin.
Türkmenistan
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda sebitara ulag we
üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine aýratyn üns berýär. Şeýle hem Hytaýdan
Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hazar deňziniň, Pars aýlagynyň, Gara deňziň
portlaryna çykmak arkaly multimodal ýük daşalmagyny ýola goýmak meseleleriniň
geljekde ara alnyp maslahatlaşylmagyny ileri tutulýan ugurlaryň biri
hasaplaýarys. Halkara giňişlikde maksada okgunly we ylalaşykly ulag
diplomatiýasyny alyp barmagyň, ýöriteleşdirilen guramalar bolan Birleşen
Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti
üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, halkara we sebitleýin ulag guramalary
bilen işjeň iş alyp barmagyň biziň düzümimiz üçin möhümdigini bellemek gerek.
Ýene bir
wajyp ugur — energetika. Dünýäniň energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz
ýagdaýda bolmagy YHG-nyň netijeli hyzmatdaşlyk modelini işläp düzmek üçin esasy
wezipeleriň biri bolup durýar. Bu, ilkinji nobatda, täze senagat we oba
hojalygy pudaklarynyň kuwwatynyň artmagy, infrastruktura desgalarynyň
gurulmagy, bilelikdäki önümçilik taslamalaryna badalga berilmegi boýunça biziň
ýurtlarymyzyň barha artýan energetika isleglerini kanagatlandyrmak üçin
zerurdyr.
Mälim bolşy
ýaly, Türkmenistan birnäçe bilelikdäki iri energetika taslamalaryny öňe sürdi,
olara YHG-nyň käbir ýurtlary hem gatnaşýar. Biz bu guramanyň giňişligini öz
içine alýan energiýa üpjünçilik ulgamyny döretmek maksady bilen, öz hyzmatdaş
ýurtlarymyzy energetika ulgamynda özara işlerimizi giňeltmäge çagyrýarys. Men,
öz tarapymdan, häzirki wagtda bar bolan we geljekde guruljak kuwwatlyklar
arkaly YHG-nyň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň hem-de elektrik energiýasynyň
möçberini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny aýdyp bilerin.
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!
Şu günki
ýygnagyň dowamynda biziň ýurtlarymyz üçin möhüm ähmiýete eýe bolan birnäçe
meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şolaryň çözgüdi YHG-nyň çäginde hyzmatdaşlygyň
geljekki ugurlaryny kesgitlemäge, olaryň ýerine ýetirilmegi üçin anyk
meýilnamalary we gurallary işläp düzmäge ýardam berer.
Häzirki dünýä
ösüşiniň çylşyrymly döwründe biziň ýurtlarymyzyň ýolbaşçylaryna mahsus bolan
umumy hoşniýetlilik, birek-birege düşünişmek, doganlyk halklarymyzyň
dostlugyny, hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek arkaly umumy bähbitleriň hatyrasyna
özleriniň paýhaslylygyny we öňdengörüjiligini görkezjekdigine Türkmenistan doly
ynanýar.
Sözümiň
ahyrynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek
boýunça YHG-nyň Sekretariatyna ýokary jogapkärçilik ýüklenendigini we oňa möhüm
ornuň degişlidigini nygtamak isleýärin. Guramanyň Baş sekretary jenap Husraw
Nozirä hem-de Sekretariatyň ähli işgärlerine bu ugurda üstünlik arzuw edýärin
we duşuşygyň netijeli geçirilmegine goşan goşandy üçin minnetdarlygymy
bildirýärin.