Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda gurulýan lukmançylyk merkezlerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

14-nji noýabrda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň ýanynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow boldy.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen, ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän halkara lukmançylyk merkezleriniň birnäçesi hereket edýär. Şeýle desgalaryň gurulmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Aşgabadyň günorta böleginde Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy munuň aýdyň beýanydyr.

Paýtagtymyzda durmuş düzümine degişli binalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda häzirki zaman saglyk edaralarynyň gurluşyklaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Aşgabadyň merkezi böleginde bina edilýän Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler kesgitlenen meýilnama laýyklykda dowam edýär. Munuň özi täze merkeziň gurluşygynyň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanjakdygyny görkezýär.

Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň dowam edýän künjegine tarap ugur aldy.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şäheriň demirgazyk künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini, hususan-da, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çägindäki Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygyny synlady. Şeýle işleriň giň gerimi we depgini adamlaryň saglygy baradaky alada gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň gurluşygyna, ozal bar bolanlarynyň durkunyň döwrebaplaşdyrylmagyna, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini bellemek gerek.

Öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, adamlaryň göwnejaý ýaşamagy we zähmet çekmegi, ösüp gelýän ýaş nesliň toplumlaýyn bilim almagy üçin oňaýly şertleri döretmek bilen bagly wezipeleriň çözülmegi paýtagtymyzyň şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň esasy şerti bolup durýar. Ilatyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek ak mermerli Aşgabatda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň esasyny düzýär. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi ugrunda yzygiderli alada edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň