15-nji noýabrda
Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriň
başlyklary R.Meredowyň we H.Tsubaýyň arasynda söhbetdeşlik geçirildi.
Duşuşygyň
çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibiniň esasy ugurlary ara alnyp
maslahatlaşyldy, şeýle hem türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi barada
giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.
R.Meredow
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly we
uzakmöhletleýin häsiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, söwda we ykdysady
ugurda özara gatnaşyklary giňeltmek meselesinde möhüm orny ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetlerine berilýändigi
mälim edildi.
Duşuşygyň barşynda
taraplar geçen ýylyň dekabr aýynda Tokio şäherinde geçirilen ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisinde gazanylan
ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem
taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň
ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda gol çekilen
infrastruktura pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnamanyň Ýol kartasyny
işjeňleşdirmegiň zerurlygy barada umumy pikir aýtdylar.
Mundan başga-da,
söhbetdeşligiň çäklerinde energetika, gaz-himiýa we nebiti gaýtadan işlemek
pudaklardaky, ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky we daşky gurşawy goramak meseleleri
boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns çekildi.
Çeşme: Türkmenistanyň
Daşary işler ministrligi