Türkmenistan bilen Eýran ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Mehrdad Bazrpaşyň belleýşi ýaly, Eýranda Türkmenistan bilen umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary döwlet ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Goňşy ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ministre EYR-nyň wekiliýetiniň agzalaryna Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň, şeýle hem türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleriniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçirilýän “Iran Prože” atly ýöriteleşdirilen serginiň we işewürlik maslahatynyň ähmiýeti barada aýdyp, bu çäreleriň iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini nygtady.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda döwlet Baştutanymyz hem-de EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri söwda-ykdysady gatnaşyklaryň döwletara gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýär. Ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk ulgamlary, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşýändigi bellenildi. Şeýle-de bilelikdäki hökümetara toparyň orny nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Türkmenistan bilen EYR-nyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň