18 Noýabr 2023
69
17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, birnäçe
resminamalaryň taslamalaryna hem-de beýleki käbir meselelere garaldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow döwlet Baştutanymyzyň «Güneşli» çagalar we ýetginjekler
merkeziniň meýilleşdirilen gurluşygy babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berdi.
Pursatdan peýdalanyp, wise-premýer hormatly Prezidentimize
hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyza ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegini üpjün etmek barada
edýän uly aladalary, täze toplumyň gurluşygy bilen bagly başlangyjy, onuň
ýerleşjek ýerini kesgitläp berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze, döwrebap
Çagalar we ýetginjekler merkeziniň şekil taslamasyny hödürläp, taslamada
çagalar üçin sport we oýun meýdançalarynyň, medeni çäreleri geçirmek üçin
ýörite meýdançalaryň, amfiteatryň, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin
meýdançanyň we beýleki desgalaryň, şol sanda tehniki, hojalyk desgalarynyň göz
öňünde tutulandygy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzyň
bagtyýar çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanydygyny nygtady. Ýaşlarymyzyň
wagtlaryny gyzykly we döredijilikli geçirmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şu
maksat bilen, paýtagtymyzda guruljak «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezi
hem bagtyýar ýaşlarymyzyň ukyp-başarnygyny baýlaşdyrmakda, zehinlerini
kämilleşdirmekde nusgalyk merkeze öwrülmelidir.
Döwlet Baştutanymyz bu taslamany durmuşa geçirmäge jogapkärli
çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere döwrebap merkezi gurmak
boýunça halkara bäsleşigiň netijeli geçmegini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Çeşme: Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi