24 Noýabr 2023

245

Türkmenistan SPECA ýurtlarynyň sergisinde milli önümleri bilen tanyşdyrdy

Şu ýylyň 20 — 24-nji noýabry aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite Maksatnamasynyň (SPECA) günleri geçirilýär. Bu iri çäräniň çäginde, ýagny 21 — 22-nji noýabrda Baku şäherinde «SPECA sebitini ählumumy aragatnaşygyň merkezine öwürmek» atly ykdysady forum, şeýle-de «SPECA ýurtlarynyň sergisi: Durnukly ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly sergi hem geçirilýär. Bu halkara çärä türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi Metbugat gullugynyň berýän beýanatynda bellenilişi ýaly, halkara serginiň açylyş dabarasyna Prezident Ilham Aliýew gatnaşdy.

SPECA günleriniň çäginde geçirilýän halkara sergide Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri tarapyndan taýýarlanylan diwarlyklar we milli önümler görkezildi.

Sergi bilen tanyşlygynyň dowamynda Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň diwarlygy bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, azerbaýjan Lideri türkmen milli gölli halylarynyň, dokma önümleriniň, şeýle-de hususy telekeçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň hiline we görnüşlerine ýokary baha berdi. Hususan-da, türkmen diwarlygynda milli el işleri, gurluşyk serişdeleri, dürli görnüşli dokma önümleri, ýurduň ýangyç-energetika kuwwaty hem-de Arkadag şäheriniň aýratynlyklary bilen tanyşdyrýan fotosuratlardyr wideo görnüşler ýerleşdirildi.

Ýeri gelende bellesek, SPECA-nyň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli guralan sergi Azerbaýjanyň ýörite başlangyjy bilen geçirilýär. Baku sergi merkeziniň dört müň inedördül metr meýdanyny öz içine alýan sergide diňe SPECA ýurtlarynyň diwarlyklary we olaryň milli önümleri görkezilýär. Serginiň maksady gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini görkezmek, özara peýdaly hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we agza ýurtlaryň arasynda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda SPECA ýurtlarynyň hataryna Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan girýär.

Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbaýjan ykdysadyýeti, milletleriň köp asyrlyk taryhy baglanyşygy we geosyýasy mümkinçiligi bilen dünýä syýasatynda strategik ähmiýete eýe bolan ýeke-täk medeni we geografiki sebitdir. Soňky döwürde döwlet Baştutanlarynyň özara saparlary ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde ösmegine itergi berýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň