Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisi geçiriler

24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi.

 Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 29-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek 6-njy mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar strategik häsiýete eýedir. Özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek, geljegi uly ugurlar boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, degişli ikitaraplaýyn Ylalaşyk esasynda agzalan komitet döredildi. Häzirki wagta çenli bu komitetiň bäş mejlisi geçirildi. Onuň düzüminde 6 sany kiçi komitet hereket edýär. Komitetiň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine nebitgaz ulgamy, ulag-logistika, oba hojalygy, himiýa hem-de dokma senagaty, ylym, bilim, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri giriziler. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy göz öňünde tutýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň