Türkmenistanda birnäçe kanunçylyk namalarynyň taslamalary makullanyldy

24-nji noýabrda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri çagyryldy.

«Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasyna, şeýle hem «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasyna garamak gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu babatda Mejlisiň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi. Kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiz ýokary depginlerde ösýär. Munuň şeýle bolmagyna giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň, hususan-da, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegi ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasy bilen bagly anyk maslahatlary berdi we olar şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň eden maksatnamalaýyn çykyşynda öz beýanyny tapdy. «Döwlet býujeti ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, döwlet hyzmatlaryna, önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeleri gönükdirdik» diýip, hormatly Prezidentimiz aýratyn belledi.

Nygtalyşy ýaly, Döwlet býujetiniň esasy bölegi býujetden maliýeleşdirilýän dürli edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyna, bu ugurdaky taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdiriler. Ähli pudaklary okgunly ösdürmegiň we maýa goýumlary çekmegiň, döwrebap bazar gurallaryny ornaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini üpjün etmek, durmuş ugurly döwlet syýasatyny goldamak geljek ýyl üçin esasy maliýe resminamasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda nebitgaz pudagy, obasenagat toplumy, ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, dokma we azyk senagaty ýaly ugurlar mundan beýläk-de ösdüriler. Ulag-aragatnaşyk, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy ýokary depginde dowam etdiriler.

Maslahatda ýerli býujetleriň geljek ýyl üçin esasy maliýe-hukuk resminamasynyň taslamasynda göz öňüne tutulan görkezijilerine garaldy. Habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça çäreler göz öňünde tutuldy.

Deputatlar «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar. Bu resminama düýpli hasaplamalara esaslanyp, döwletiň we jemgyýetiň serişde kuwwaty bilen berkidilendir hem-de halkyň bähbitlerine hyzmat eder. Şeýle-de «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň karary biragyzdan kabul edildi.

Soňra deputatlar «Bunker ýangyjyndan hapalanmakdan zeper ýetmeginiň raýat jogapkärçiligi hakynda halkara Konwensiýa goşulmak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», şeýle-de Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda degişli Kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar kabul edilen resminamalaryň Garaşsyz Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny okgunly ösdürmek, giň gerimli durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini mundan beýläk-de ýerine ýetirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň