5-nji
dekabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz»
myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki
ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr
wekilleri gatnaşdylar.
«Tegelek stoluň» başyndaky
duşuşyk görnüşinde geçirilen maslahat Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň umumy gyzyklanmalara gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezdi. Bar
bolan ägirt uly mümkinçilikler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ony täze,
anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin şertleri döredýär. «Türkmenistan — ABŞ»
işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda
Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine «Case New Holland Industrial», «Climate Compass
LLC», «Honeywell», «John Deere», «Palo Alto Networks», «VISA», «Westport
Trading Europe Limited» ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri
girdi.
Maslahatyň dowamynda şeýle
duşuşyklaryň netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, maýa
goýum işini höweslendirmekde uly ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn
Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine
esaslanylyp durmuşa geçirilýän daşary syýasy ugur türkmen bazarynyň daşary
ýurtly işewür hyzmatdaşlar üçin özüne çekijiligini artdyrýar. Dünýäniň iň oňat
tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna ykdysadyýeti
diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistan
netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Ýurdumyzda amatly maýa goýum
ýagdaýynyň, işewürligi alyp barmagyň has oňaýly guramaçylyk-hukuk guralynyň
döredilmegi dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge
ýardam berýär.
Uzak ýyllaryň dowamynda
öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik
taýdan ähmiýetli pudaklarynda üstünlikli işleýändigi bellenildi. Şunuň bilen
birlikde, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.
«Türkmenistan — ABŞ» işewürlik
geňeşiniň alyp barýan işi pikir alyşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy.
2008-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy
esasynda döredilen bu geňeş uzak möhletleýin geljege niýetlenip, ikitaraplaýyn
ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Onuň
çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we maslahatlar iki ýurduň döwlet
düzümleriniň, işewürler toparlarynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary
pugtalandyrmaga, täze özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik
döredýär.
Energetika pudagy,
ulag-aragatnaşyk, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy
hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki döwrüň
şertlerini we Türkmenistanyň möhüm ekologik meseleleri milli, sebit hem-de
ählumumy derejede çözmek babatda durmuşa geçirýän maksada gönükdirilen
başlangyçlaryny nazara almak bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini
netijeli peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikler bar. Maýa
goýumlar hem geljegi uly ugurlaryň biridir. Maslahatyň dowamynda söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy we ony doly durmuşa geçirmek üçin
çemeleşmeler kesgitlenildi, esasy ugurlarda bilelikdäki işiň meýilnamasy
bellenildi. Şunda soňky ýyllarda täze depgine eýe bolan türkmen-amerikan
gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
Işewürlik maslahatynyň çäklerinde
ýurdumyzyň birnäçe pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň ABŞ-ly hyzmatdaşlar
bilen duşuşyklarynyň göz öňünde tutulmagy taraplaryň ikisiniň hem anyk
netijeleri gazanmaga gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat
edinýändikleriniň aýdyň güwäsidir. Senagat, nebitgaz we ulag-kommunikasiýalar
ulgamlarynda, elektroenergetika, maliýe-bank, söwda, oba hojalygy, ekologiýa
ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan
beýleki meseleleriň hatarynda boldy.
Şeýle hem işewürlik
gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns çekildi. «Case New Holland
Industrial» kompaniýasynyň we türkmen telekeçileriniň arasynda özara düşünişmek
hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilelikdäki forumyň jemlerini jemledi.
Myhmanlar şu gezekki duşuşygyň
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda döredilen mümkinçilikler
hem-de döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşýan
«Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň işine hemmetaraplaýyn goldaw
berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi