Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, amerikan işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan we dürli pudaklarda iri taslamalary durmuşa geçirýän ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk syýasaty netijeli halkara gatnaşyklar üçin oňaýly şertleri döretmegiň möhüm guraly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Erik Stýuart hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorka amala aşyran iş saparynyň ähmiýetini belledi. Şunda döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda öňe sürlen oňyn başlangyçlaryň, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary” formatyndaky (C5+1) köptaraply hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Mümkinçilikden peýdalanyp, işewür Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda 10-njy bilelikdäki işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi we onuň türkmen-amerikan maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi. Şunda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň uzak möhletleýin esasda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde işewürlik geňeşiniň saldamly goşandyna üns çekildi.

Nygtalyşy ýaly, döredileninden bäri geçen 15 ýylyň dowamynda işewürlik geňeşi türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň möhüm guralyna, iki ýurduň ykdysady subýektleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, pugtalandyrmak, işjeňleşdirmek üçin netijeli meýdança öwrüldi. Onuň düzümine girýän ABŞ-nyň iri kompaniýalary türkmen bazarynda strategik taýdan ähmiýetli ulgamlarda üstünlikli işleýärler. Amerikan işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirýärler.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy we milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen bir hatarda, baý tebigy serişdeleriň bolmagy, döwletimiziň çäk taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem “Açyk gapylar” ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri şertlendirýär. Nebitgaz pudagy, elektrik energetikasy, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-kommunikasiýalar, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy we beýlekiler hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarydyr.

Hormatly Prezidentimiz türkmen-amerikan işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge, döwletara dialogy pugtalandyrmaga ýardam edýän netijeli işi üçin jenap Erik Stýuarta minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen oňyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny goldaýandygyny we işewürlik geňeşi tarapyndan anyk tekliplere garamaga taýýardygyny belledi.

Işewür döwlet Baştutanymyza netijeli söhbetdeşlik we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk oňyn tejribä daýanyp, uzak möhletlilik, özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň