Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby bölümlerdäki işleriň ýagdaýy, şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny artdyrmak üçin durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem güýzki çagyryş möwsümi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitaraplyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly Watanymyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň esasy wezipelerine berk eýermegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, şahsy düzümiň hünär derejesini, nazaryýet, jemgyýetçilik-syýasy, beden taýýarlygyny ýokarlandyrmak häzirki döwrüň esasy talabydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe degişli görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, “Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Şeýle-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň harby gullukdan boşadylmagynyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň talabalaýyk derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Baş prokuror S.Mälikgulyýew hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň degişli edaralaryň işine prokuror gözegçiliginiň öňdebaryjy usullaryny we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmagyň bu edaranyň işiniň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Häzirki döwürde prokuraturanyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, gözegçilik wezipelerini kadaly ýerine ýetirmek maksady bilen, göwnejaý şertleri döretmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmek zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nygtady we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň 2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, düzgün bozmalaryň öňüni almak, ýollarda howpsuzlyk kadalaryny üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler, ýangyn howpsuzlygy babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edaranyň işgärleriniň öňünde jemgyýetçilik tertibini pugtalandyrmak, hukuk tertibiniň berjaý edilişine berk gözegçiligi üpjün etmek ýaly möhüm wezipäniň durýandygyny belledi. Bu düzümiň üstüne ýüklenen borçlary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hünär derejesini ýokarlandyrmak işi guramaçylykly we maksada okgunly häsiýete eýe bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňky ýyllarda awtoulag serişdeleriniň sanynyň artmagy ulag gatnawlarynyň ýygylygynyň ýokarlanmagyna täsir edýär diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we ýol hereketiniň sazlaşykly, howpsuz bolmagyny üpjün etmek meselesini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, ähli ýerlerde ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilmegine gönükdirilen çäreleri görmek tabşyryldy.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew kazyýet işiniň milli ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi, hususan-da, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we kazyýet düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sebitlerde kazyýetler üçin täze edara binalaryny gurmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hukuk taýdan kadalaşdyrmagyň ähli ulgamlaryny özüne birleşdirýän döwlet goraglylygynyň netijeli guraly hökmünde bu edara möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, kazyýet edaralarynyň işi, ilkinji nobatda, kanunylygy üpjün etmäge, adalatlylyga we hukuk tertibine, düzgün bozmalara getirýän sebäpleridir şertleri aradan aýyrmaga gönükdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Ýokary kazyýetiň başlygyna degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary yzygiderli esasda guramak, işgärleriň netijeli zähmet çekmegi üçin talabalaýyk şertleri döretmek bilen bagly meseleleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler, ýolbaşçylyk edýän edarasyny ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Ministrligiň işine öňdebaryjy tejribäni we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň şahsy düzümiň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri, serhet bölümlerini döwrebap tehnikalar, enjamlar bilen üpjün etmek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri bilen dostlukly, netijeli gatnaşyklaryny ösdürmekde serhet goşunlarynyň üstüne örän jogapkärli wezipäniň ýüklenendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysyna Watanymyzyň mukaddes serhetlerinde asudalygy üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra adalat ministri M.Taganow şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümiň işinde sanly ulgamy işjeň ulanmagyň hasabyna adalat ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ministrligiň işgärleri tarapyndan täze kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň yzygiderli seljerilmeginiň we olaryň milli kanunçylyga laýyk gelmegini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ilata ýokary derejeli hukuk kömegini, şol sanda hereket edýän hem-de golaýda güýje giren kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek boýunça kömek bermegiň zerurdygyny belläp, ministre degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, serhetden geçirilýän ýükleriň talabalaýyk barlanylmagyny üpjün etmek we bu edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistana gelýän harytlaryň möçberiniň we üstaşyr ýük daşamalaryň artmagynyň döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli ykdysady özgertmeler bilen şertlendirilendigini nygtady. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bu gullugyň işgärleriniň jogapkärçiligi hem ýokarlanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we gümrük nokatlarynyň işiniň kämilleşdirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň bu gullugyň işine sanly ulgamy, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gullugyň sazlaşykly işiniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, umuman, ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işgärleriň hünär derejesini we jogapkärçiligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini nygtap, Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny, dünýäniň döwletleri we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny belledi. Watanymyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy hut şu ýörelgelere esaslanýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini hem-de işini döwrebaplaşdyrmak, Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna mundan beýläk-de uly üns beriljekdigi aýratyn nygtaldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşynyň bähbidine jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň