5-nji
dekabrda Kasanede başlanan ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny goramak
boýunça Hökümetara toparyň 18-nji sessiýasynyň çäginde Türkmenistanyň «Ahalteke
atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Adamzadyň
maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi yglan edildi.
Maslahata
gatanaşan türkmen toparyna Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan
Daşary we Doly Ygtyýarly ilçisi, ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik
wekili Maksat Çaryýew hem-de ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Milli toparynyň Ýerine
ýetiriji sekretary Çynar Rüstemowa wekilçilik etdi.
Ilçi bu
ýerde eden çykyşynda gözelligi, güýji we çydamlylygy bilen meşhur bolan
ahalteke bedewleriniň asyrlaryň geçmegi bilen, Türkmenistanyň medeni mirasynyň
aýrylmaz bölegine öwrülendigini nygtady. Munuň özi diňe bir at tohumy bolman,
eýsem, geçmişimiziň, şu günümiziň we geljegimiziň bitewiligini alamatlandyrýan
ruhy güýji özünde jemleýär.
«Ahalteke
atçylygy bilen bagly däp-dessurlar, şeýle hem türkmen bedewleriniň bezegini
alamatlandyrýan çylşyrymly çeperçilik önümleri biziň nesilden-nesle geçip
gelýän milli aýratynlyklarymyz bilen aýrylmaz baglanyşygy emele getirýär» —
diýip, ilçi belledi.
Ýurdumyzda
ahalteke bedewleriniň tohum arassalygynyň saklanmagyna döwlet derejesinde uly
ähmiýet berilýär. Ahalteke atlarynyň dünýädaki abraýyny has-da ýokarlandyrmakda
türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ornunyň diýseň
uludygyny bellemelidiris.
«Häzirki
wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda milli atçylyk pudagy
görlüp-eşidilmedik belentliklere çykdy. Bu ulgamyň infrastrukturasyny
kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, atçylyk sportuny wagyz etmek
we milli at münmek däpleriniň aýratynlyklaryny goramak ugrunda giňişleýin
çäreler görüldi» — diýip, ilçi sözüniň üstüni ýetirdi.
Ilçi
çykyşynyň ahyrynda türkmen tarapynyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary
bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizilendigi üçin Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan
hoşallygyny beýan etdi.
ÝUNESKO-nyň
maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça Hökümetara toparyň 18-nji sessiýasy
9-njy dekabra çenli dowam eder.
Çeşme: Türkmenistanyň Halkara
habarlar merkezi