Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenilýär

Bu gün halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny giňden belleýär. Bu şanly baýram parahatçylygy, durnuklylygy, ähli döwletler bilen özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelere esaslanýan dostlukly gatnaşyklary hem-de halkymyzyň mizemez jebisligini alamatlandyrýar.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Milletler Bileleşigi özüniň ýokary derejeli maslahatynyň çözgüdi bilen Türkmenistany hemişelik Bitarap döwlet diýip ykrar etdi. “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” atly Kararnama üçin BMG-ä agza 185 döwletiň ählisi biagyzdan ses berdi. Şoňa görä-de, bu şanly waka ähli türkmenistanlylar üçin aýratyn buýsançly güne öwrüldi.

Ynsanperwerlik we demokratiýa ýörelgelerine eýerýän ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini almagy bilen, durmuş we ykdysady ähmiýetli strategik wezipeleri üstünlikli çözýändigini ynamly aýtmak bolar. Ähli ulgamlarda gazanylýan ösüşler we ýurdumyzyň halkara giňişligindäki belent abraýy munuň aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilip, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda beýan eden teklipleriniň, şol sanda dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, BMG tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak, energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda öňe süren teklipleriniň aýratyn ähmiýetini bellemek gerek.

Bitarap “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda, dünýäniň dürli ýurtlary, BMG, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly düzümler bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNESKO-nyň, Ilat gaznasynyň, Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurdumyzdaky wekilhanalary bilen hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň bu guramanyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024-2028-nji ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan saýlanandygyny bellemek gerek. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatynyň, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä giňişliginde barha belende galýan abraýynyň hem-de ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we sebit hem-de ählumumy hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine goşýan uly goşandynyň dünýäde ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetli orny we onuň mümkinçilikleriniň zerurlygy ýene-de bir gezek tassyklanýar. Häzirki wagtda düzümine 20-den gowrak döwlet girýän parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň işi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şol toparyň düzümine girýän döwletleriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllardaky “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy”, şeýle hem degişlilikde 2017-nji we 2020-nji ýyllarda kabul edilen “Halkara Bitaraplyk güni” we “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” atly Kararnamalarynyň awtordaş ýurtlary bar.

Bu köptaraplaýyn dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek we ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin durnukly syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamakda ýardam bermäge gönükdirilendir.

Şu ýylyň 11-nji dekabrynda paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berildi.

Ýurdumyz daşary syýasatynyň esasyny düzýän Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny yzygiderli durmuşa geçirip, ählumumy başlangyçlara işjeň goşulyşýar, parahatçylygyň we ylalaşygyň, adamzadyň taglymlarynyň berkarar edilmeginiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyna saldamly goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkymyzyň beýik gymmatlygydygy bellenilýär. Ýer ýüzünde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şoňa görä-de, biz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Esasy Kanunymyzda berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esas goýujy ýörelgelerini goldanyp, ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris.

Biz «Döwlet adam üçindir!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimize laýyklykda, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada yzygiderli alada edýäris. Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga çalyşýarys. Halkara üstaşyr ulag geçelgelerini, has kämil, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanyp, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, iri senagat-önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, täze şäherçeleridir obalary gurýarys diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.

Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada watandaşlarymyz we myhmanlar, “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly Halkara maslahatyna, şeýle hem parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalary ýygnandylar.

Şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň ýolbaşçysy hem-de wekilleri, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Bitaraplyk binasynyň öňündäki baýramçylyk äheňinde bezelen meýdança bardy. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.

Bu ýerde şöhratly pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam etdirýän harby gullukçylar – Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler.

Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow merdana halkymyzyň parahatçylyk, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül çemenini goýdy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýleki dabara gatnaşyjylar gül desselerini goýýarlar.

Halkymyzyň parahatçylyk döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgeleriniň aýdyň beýanyna öwrülen Halkara Bitaraplyk güni ýurdumyzda her ýyl giňden we dabaraly baýram edilýär.

Halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryna we milli medeniýetimize doly laýyk gelýän bu özboluşly hukuk ýagdaýy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, tutus adamzadyň bähbidine parahatçylykly daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler açdy.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň