Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, ertir, 12-nji dekabrda uly baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň bellenip geçiljekdigini nygtap, ýygnananlary we mähriban halkymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlarymyzyň öň ýanynda günäsini geçýäris. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 302 raýatyň, şol sanda daşary ýurtly 6 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi. Toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek barada görkezme berdi.

Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreleri amala aşyrmak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň we konsullarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzyň şu günki duşuşygy geçirmek baradaky çözgüdi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu çäre türkmen diplomatlary üçin hemişe ýylyň iň möhüm wakasy bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, bu duşuşygyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki hereketleriniň häzirki we ýakyn döwri, milli diplomatiýamyzyň işiniň ugurlarydyr gurallary baradaky garaýyşlaryna düşünmek üçin oňat mümkinçilikdigi nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” işlenip düzüldi we kabul edildi. Bu Konsepsiýa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan daşary syýasat strategiýasynyň logiki dowamyna öwrüldi. Resminamada häzirki zaman dünýä syýasatynyň ösüşiniň esasy meýilleri hem-de ýurdumyzyň ondan gelip çykýan dünýä we sebit derejesindäki ileri tutýan ugurlary beýan edilýär. Şunuň bilen birlikde, bu Konsepsiýa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen işi üçin aýdyň ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, Daşary işler ministrligi öz işini Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna ýardam bermäge, ylym-bilim we medeni gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda daşky gurşaw meselelerini öňe sürmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigi we dünýädäki ýagdaýlary kadalaşdyrmakda onuň giň orun tutýandygy baradaky çuňňur, öňdengörüjilikli seljermesiniň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Munuň özi Daşary işler ministrliginiň bu ugurdaky işleriniň many-mazmunyny kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiziň beren örän anyk häsiýetli tabşyryklarynyň beýleki ugurlary, şol sanda howpsuzlyk babatdaky hereketleri, sebit mowzuklaryny, Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini we halkara ynsanperwerlik meselelerini hem öz içine alýandygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň belent münberinden yglan eden başlangyçlary aýratyn bellenildi. Wise-premýer, daşary işler ministriniň nygtaýşy ýaly, türkmen diplomatlary bu halkara ähmiýetli tekliplere esaslanyp, BMG tarapyndan degişli köptaraplaýyn resminamalaryň taýýarlanylmagy we kabul edilmegi boýunça iş alyp barýarlar. Şol bir wagtda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen täze halkara gurallary döretmek işleri dowam etdirilýär.

Wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň adyndan döwlet Baştutanymyza netijeli işlemek babatda döredilýän şertler, diplomatik gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meselelerine berýän uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyrmak üçin mundan beýläk-de ähli çäreleriň durmuşa geçiriljekdigine ynandyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ilçihanalaryň, konsullyklaryň we ýurdumyzyň halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, jogapkärli döwlet we halkara işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisiň dowamynda diplomatik gullugyň işgärlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselä hem seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow A.Haljanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz W.Hajiýewi daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyp, ony Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili hem-de Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerine belledi.

A.Gurbanow Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşadylyp, ol daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz B.Mätiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri S.Muhammetdurdyýew, şol bir wagtda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öň ýanynda daşary syýasat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemini jemlemek, geljekde öňde duran wezipeleri kesgitlemek üçin duşuşýarys diýip belledi. Bu işlerde Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan hem-de “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alýarys.

Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň hem ýurdumyz üçin daşary syýasatda üstünlikli bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň dowamynda biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, dünýä döwletleri bilen medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça yzygiderli işleri geçirdi. Parlamentara gatnaşyklaryň gerimi giňäp, mazmuny baýlaşdy.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalary edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Ýurdumyzyň edýän tagallalary dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edilen «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamalar muny aýdyň tassyklaýar. Şeýle hem biziň ýurdumyz dört sany dürli halkara guramanyň düzümine saýlandy.

Türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny dünýä wagyz etmek maksadyndan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Gazagystan we Özbegistan Respublikalary bilen hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigini nygtady.

Häzirki wagtda howanyň üýtgemeginiň öňüni almak meselesi ählumumy häsiýete eýe bolup durýar. Onuň täsirlerine garşy göreşmekde dünýäniň ähli ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen 28-nji maslahatynyň işine Türkmenistanyň gatnaşmagy möhüm waka boldy. Bu maslahatda biziň ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Bu çözgüt geljekde Türkmenistanyň halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler we ýöriteleşdirilen institutlar bilen hyzmatdaşlygyny kesgitlär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça ýurdumyzyň pudagara toparyna Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek boýunça işleriň meýilnamasyny düzmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň syýasy-diplomatik taýdan işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna üns çekildi. Bu ugurda ilkinji uly ädim ädildi diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi we howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalary Türkmenistanda we Merkezi Aziýa döwletlerinde ornaşdyrmaga gönükdirilen sebit maksatnamalaryny işläp düzmek üçin şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak üçin BMG we hyzmatdaş ýurtlar bilen işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça syýasy-diplomatik tagallalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýär. Muny Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň ýörelgeleri we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak baradaky teklibi aýdyň tassyklaýar. Bu babatda dünýä ösüşiniň meýilleri hem-de häzirki döwrüň möhüm ýagdaýlary nazara alynmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek maksady bilen, BMG-niň başlangyç toparyny döretmek boýunça Daşary işler ministrligine ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede bu işlere başlamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyna yzygiderli eýermeli we ony tutanýerli öňe sürmeli. Wagt munuň dogrudygyny we esaslydygyny görkezdi. Ony Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarda dialog medeniýetini ykrar etmäge gönükdirilen tagallalary hem tassyklaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Çykyşynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini belledi. Biz bu guramanyň Tertipnamasynyň düzgünlerine we ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna berk eýereris. Aýratyn-da, döwletara dialog üçin esas hökmünde Milletler Bileleşiginiň ornuny dikeltmek hem-de berkitmek işlerini alyp bararys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik maksady üýtgewsiz bolmagynda galýar. Munuň özi içerki ösüşi gazanmak üçin amatly halkara şertleri üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistan dünýä döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Ýakyn goňşy ýurtlar bilen sazlaşykly hyzmatdaşlygy alyp barmak döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Biziň ýurdumyz sebitde, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürer. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynda we sebit hyzmatdaşlygynyň beýleki görnüşlerinde gazanylýan möhüm ylalaşyklary hem-de çözgütleri takyk ýerine ýetirmek üçin biz zerur işleri geçirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlary şu ýyl geçirilen gepleşikleriň dowamynda ýakyn hyzmatdaşlar hökmünde esasy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu meseleler sebiti ösdürmekden, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekden, ekologik howplara garşy göreşmekden ybaratdyr.

Şeýle hem Hazarýaka döwletleriň Aşgabatda geçirilen altynjy sammitinde gazanylan ylalaşyklary doly ýerine ýetirmek üçin hyzmatdaş ýurtlar bilen netijeli işleri alyp barmagyň we Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa laýyklykda, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygy bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Aziýadan Ýewropa multimodal üstaşyr ulag geçelgesiniň bölegi bolan «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny amala aşyrmagyň üstünde-de degişli işleri ýerine ýetirmek barada görkezme berildi. Ýaňy-ýakynda «Bir guşak, bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumynyň ýokary derejeli maslahatynda biziň ýurdumyz Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hazar deňziniň türkmen kenaryna, şeýle hem Eýrana, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryna ulag geçelgesiniň taslamasyny teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, taslama boýunça ylalaşyklary gazanmak üçin ähli gyzyklanýan taraplar bilen anyk we maksada gönükdirilen dialogy ýola goýmak wezipesi öňde goýuldy.

Biziň ýurdumyzy Ýewropa döwletleri bilen energetika, ulag, tehnologiýalar we ençeme beýleki ugurlar boýunça geljegi uly meýilnamalar hem-de maksatnamalar baglanyşdyrýar. Bu meýilnamalardyr maksatnamalara anyk many-mazmun bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Bellenilişi ýaly, Orta Gündogar ýurtlary Türkmenistanyň öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlarydyr. Bu ýurtlar bilen bizi diňe çuň taryhy gatnaşyklar däl-de, häzirki ösüşiň oňyn mümkinçilikleri hem birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda alyp barýan işlerini güýçlendirmegiň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Hususan-da, bu gurama girýän döwletler bilen ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyna üns çekildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň arap dünýäsiniň döwletleri bilen gatnaşyklary has-da ösdürildi. Bu hyzmatdaşlygymyzy täze «Merkezi Aziýa — aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşiniň çäklerinde-de pugtalandyrmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Bular geljegi örän uly bolan ugurlardyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we şeýle hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan taraplaryna üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Biz Demirgazyk we Günorta Amerikanyň, Afrika yklymynyň döwletleri bilen hem gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdüreris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şol ugurlaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk bellenildi. Munuň özi howpsuzlyk, şol sanda azyk we ekologik meseleleri, zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmegi, halkara söwdada ösýän ýurtlaryň kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramagy öz içine alýar. Ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hem giň mümkinçilikler bar.

Şunuň bilen birlikde, halkara hyzmatdaşlykda parlamentara gatnaşyklara-da aýratyn üns bermegiň zerurdygy nygtaldy. Soňky ýyllarda Türkmenistan parlament wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe iri forumlary geçirmegi öňe sürdi we olaryň guramaçysy boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu işiň dowam etdiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligine parlament gatnaşyklaryna işiň aýratyn ugry hökmünde garamak we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde geljegi uly halkara çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz geljekde köp işleri ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belläp, halkara giňişlikde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda ýurdumyzyň diplomatlarynyň uly işleri alyp barjakdygyna berk ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işini kämilleşdirmek hakynda», «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda», «Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky käbir halkara resminamalary tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Kararlara gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa söz berildi. Ol, ilki bilen, döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini yzygiderli goldaýandygy, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işjeňligini ösdürmek babatda edýän ýadawsyz aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy we sebitara ähmiýetli ençeme başlangyçlary öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyzyň şol başlangyçlary, öňdengörüjilikli teklipleri halkara derejede uly seslenme döretdi hem-de olaryň esasynda işlenip düzülen anyk resminamalardyr çözgütler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Watanymyzyň bitarap daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerine esaslanyp, halkara gatnaşyklarda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilendigini belledi. Hususan-da, Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýylynyň “Ýol kartasy” düzüldi, şu ýylyň dowamynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň düzümine 4 sany döwlet goşuldy, “BMG-niň Baş Assambleýasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnama kabul edildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamada kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen anyk işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüş ugrundaky halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, energetika, ulag we daşky gurşawyň howpsuzlygy ýaly ileri tutulýan ugurlarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli resminamalary, hususan-da, şu ýylyň 16-njy maýynda “Bütindünýä durnukly ulag güni” atly Kararnamasy kabul edildi.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynda Türkmenistanyň wekilçiligini giňeltmek boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Şu ýyl ýurdumyz BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň, şeýle hem 2024 — 2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň daşary syýasaty bilen bagly öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, dünýä giňişliginde Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmak, milli bähbitleri berk goramak üçin türkmen diplomatlarynyň mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda A.Ataýewa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ähli türkmen diplomatlarynyň adyndan Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýew çykyş edip, döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrmak babatdaky beýik başlangyçlaryň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýär. Dürli döwletler bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda deňhukukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarydyr.

Diplomat 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edilmeginiň, ýurdumyzyň tutuş adamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagynyň Watanymyzyň abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň nyşanydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Türkiýe Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, diplomat hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda taryhy we medeni umumylyklary bolan iki dostlukly döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini we hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň üstünlikli bolmagy köpasyrlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylmagyna kuwwatly itergi berdi. Ankara şäherinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň çäklerinde döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli berkitmek babatda uzak geljege gönükdirilen anyk teklipler öňe sürüldi. Saparyň jemleri boýunça örän möhüm hökümetara we pudagara resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdy. Şeýle hem diplomat Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň netijeli işlemekleri üçin hemmetaraplaýyn goldawy, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine uly üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda ilçi hormatly Prezidentimizi ýetip gelýän ajaýyp baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň, halkara abraýynyň has-da belende galmagynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi. Ol şu gün Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň hem-de onuň gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň ähmiýetini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Wise-premýer, daşary işler ministri sözüni dowam edip, döwlet Baştutanymyzyň mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň şu ýylda alyp baran işlerine seljerme berip, türkmen diplomatlarynyň öňünde täze wezipeleri goýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýä döwletleri, hususan-da, goňşy ýurtlar, şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomatlarynyň öňünde möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri şular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin diplomatlaryň ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Şeýle hem ol ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işine degişli birnäçe möhüm resminamalara gol çekendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2023-nji ýylda Garaşsyz Watanymyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň üstünliklere beslenendigini hem-de “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilendigini kanagatlanma bilen belledi.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürer. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasyny ikinji gezek kabul etmegi we 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen beýik işleriniň ykrar edilmegi hökmünde taryha girdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň oňyn Bitaraplygyň mizemez ýörelgelerine esaslanýandygyny hem-de ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirilen parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, ýurdumyzyň sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen netijeli syýasatyny geljekde-de dowam etdirjekdigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyzyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofiýasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň, ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Watanymyzyň Bitaraplygynyň baş maksady adamzadyň geljeginiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgelerini bütin dünýä ýaýmakdan, halkara gatnaşyklary ösdürmekden, syýasy-ykdysady, taryhy-medeni ugurlary öz içine alýan döredijilikli başlangyçlary öňe sürmekden ybaratdyr. Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylyk, sagdynlyk, adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşy, döredijilik, dünýä halklarynyň dostlugy, ylalaşygy ýaly asylly ýörelgeler bilen utgaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, Halkara Bitaraplyk güni bilen hemmeleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň