15-nji dekabrda BMG-niň ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça
guramasynyň (ÝUNSKO) Pariždaky ştab-jaýynda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan
aýdym-sazly dabara geçirildi.
Dabara dünýäniň 7 ýurdundan 70-e golaý artistler we 1500-e golaý tomaşaçylar
gatnaşdylar.
Çäre Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň
we Özbegistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary tarapyndan
TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy.
Aýdym-sazly dabara TÜRKSOÝ-yň baş sekretarynyň orunbasary Sait Ýusuf,
ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş Konferensiýasynyň Prezidenti Simona-Mirela Mikulesku,
ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň daşary aragatnaşyklar boýunça orunbasary Entoni
Kwaku Ohemeng-Boama, Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek
Ömüraliýew, şeýle-de TÜRKSOÝ-a gatnaşyjy döwletleriň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky
wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hemişelik wekilleri we ilçileri gatnaşdylar.
Merkezi Aziýadan tä Anadola çenli aralykda ýerleşen türki halklaryň sazlary
we milli aýdymlary ýaňlanan, şeýle-de sebitiň ýurtlarynyň milli egin-eşiklere
geýinen artistleri tarapyndan ýerine ýetirilen milli tanslary tomaşyçalaryň
ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Türkmen artistleri türkmen milli tansy “Küşdepdini” ýerine ýetirdiler.
Küştdepdiniň kökleri münýyllyklardan alyp gaýdýan gadymy türkmen
däpleriniň häzirki wagtda sungatda şöhlelenmesiniň alamatydyr.
2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Çeju şäherinde (Koreýa
Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara
komitetiniň 12-nji mejlisiniň dowamynda aýdym aýtmagyň we tans etmegiň
“Küştdepdi” milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň
Reprezentatiw sanawyna girizildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary
işler ministrligi