Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak,
Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny has-da ösdürmek,
häzirki zaman tehnologiýalaryny, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden
ornaşdyrmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn
dolandyryş edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň,
ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawy hem-de olary geçirmek
boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Ministrliklere we pudaklaýyn
dolandyryş edaralaryna degişli çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly
geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn
asyr»