Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň
Gahrymany Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyny Täze ýyl baýramy bilen
gutlady. Milletiň Lideriniň Gutlagynda şeýle sözler bar:
Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!
Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp
barýar. Biz sanlyja günden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze
ýyl Gutlagyny diňläris. Döwrüň täze menziline gadam basarys.
2023-nji ýyl ýurdumyzda«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýyly» diýlip atlandyryldy. Munuň özi ýaş nesle ynamymyzyň aýdyňmysalydyr. Bu
ýyl halkymyz we ýurdumyz üçin düşümli, döwletli ýyl boldy. Ýaşlarymyzyň
durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Biz diňe bir ýylymyzy däl,
tutuş döwrümizi ýaşlar bilen baglanyşdyrýarys.
Ýaşulularyň göreldesi – ýaşlaryň
ýörelgesi.
Nesilleriň dowamaty – döwürleriň
baglanyşygy.
Biziň başlan asylly işlerimizi
ýaşlarymyzyň üstünlikli dowam etdirýändigi örän guwandyrýar.
Bu ýyl bütin halkymyz bilen
agzybirlikde ýurdumyzyň mundan beýlägem gülläp ösmegi üçin asylly işler dowam
etdirildi.
Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala
aşyryldy.
Iýun aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Köpetdagyň
eteginde Arkadag şäheri dabaraly açyldy.
Munuň özi tutuş döwrümiziň ajaýyp wakasydyr. Taryhyň altyn
sahypasydyr.
Bu şäher şu günüň hem geljegiň şäheridir!
Bu şäher bagtyýarlygyň hem
abadançylygyň şäheridir!
Bu şäher ýaşlygyň hem bagtly durmuşyň
şäheridir!
Gurmak – gurplulykdan nyşan. Häzirki
döwürde iri şäherdir obalar gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup,
ulanmaga berilýär.
Hormatly adamlar!
Ýaşuly nesliň pähim-paýhasy bilen ýaş
– nesliň täzeçil garaýyşlarynyň sazlaşan ýerinde ýetilmejek sepgit ýokdur. Biz
ýaşlaryň döwrebap başlangyçlaryna möhüm ähmiýet berýäris.
Arkadag şäheriniň gurluşygynda hem ýaşlaryň oý-pikirleri,
ukyp-başarnyklary giňden ulanyldy. Olaryň «akylly» şäheriň ähli desgalaryna
sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça tutanýerli zähmet çekendiklerini buýsanç bilen
belläsim gelýär.
Bu ýyl Arkadagly Gahryman Serdarymyz
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna hem badalga berdi. Ajaýyp
mekanda täze binalar, desgalar gurlup, ýaşaýyş gülläp ösýär.
Döwrebap şäherde gurlan giň we ýagty otagly ýaşaýyş jaýlary,
bilim ojaklary, çagalar baglary, sport desgalarydyr söwda merkezleri, saglyk
edaralary göwnüňi galkyndyrýar.
Munuň özi «Döwlet adam üçindir!»
diýen syýasatymyzyň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.
Mähriban halkym!
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda
ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, senagat desgalarynyň gurluşygyna-da uly
ähmiýet berler. Ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän önümçilikler ýola
goýlar. Bu önümleri dünýä bazarlaryna-da eksporta ugradarys. Şeýle hem,
müňlerçe adamy iş bilen üpjün ederis.
Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar
gününde Täze şäherde birnäçe bilim ojaklary açylyp, ulanmaga berildi.
Gurluşyklaryň ikinji tapgyrynyň
çäginde ýene-de bir döwrebap bilim ojagyny, ýagny Oba hojalyk uniwersitetiniň
täze binalar toplumyny gurarys. Şeýle-de, oba hojalyk ylmy-barlag
institutlaryny bina ederis. Ylmy ekerançylygy, maldarçylygy, ýüpekçiligi,
umuman, oba hojalygynyň ähli ugurlarynda önümçiligi alyp bararys.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň durmuşy
bilen bagly başga-da köp işler ýerine ýetirildi.
Eziz watandaşlar!
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda ýaşlarymyzyň geljekde hem Watanymyzyň at-abraýyny has-da
belende göterjekdiklerine berk ynanýaryn!
Biz ýaş nesle hemişe uly ynam
bildirýäris. Ýaşlarymyz hem her bir işde ýaşuly nesle sala salýarlar,
geňeşýärler. Biz mundan beýlägem ýaşlaryň armasyny ýetirip, olary uly geljege
ugrukdyrmakda asylly işleri dowam ederis.
Pederlerimiz: «Agzybir il –abadan»
diýipdirler. Nesip bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan işlerine täze ýylda
hem mynasyp goşant goşmakda elimizden gelenini gaýgyrmarys. Biziň her birimiziň
ömrümiziň manysy, durmuşymyzyň höziri hem Watanyň röwşen ykbalyna mynasyp
goşant goşmakdyr. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly: «Döwlet diňe halky
bilen döwletdir! «Watan diňe halky bilen Watandyr!».
Mähriban halkym!
Hormatly adamlar!
Men hem pursatdan peýdalanyp, sizi
ýetip gelen Täze, luw ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
«Balyk – halyk» diýlişi ýaly, Täze
ýylda-da size berk jan saglygyny, her bir maşgala ojagyna abadançylygy,
egsilmez bagtyýarlygy arzuw edýärin!
Täze ýyl hemmäňize rysgal-döwlet, bagt getirsin!
Täze ýyl bedew bady bilen ähliňizi
maksat-myrada ýetirsin!
Çeşme: Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi.