Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

26-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Baykar Makina Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň baş müdiri Lütfü Haluk Baýraktar we «BMC Otomotiv Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly bilen duşuşdy.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyklaryny bildirdiler we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdiler.

Gahryman Arkadagymyz myhmanlary gadymy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de türk işewürleriniň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkiýe Respublikasy bilen strategik we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistany we Türkiýäni dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa döwletara hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmeginde berk esas bolup durýar. Häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň iň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda türk kompaniýalary işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýarlar.

Türkiýeli işewürler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda ähli ugurlarda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere, ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere buýsanýandyklaryny belläp, degişli ulgamlarda, hususan-da, Türkmenistanyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Iki ýurduň uly ykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak barada pikir alyşmalaryň dowamynda goranmak ulgamyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda goranmak senagatynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýän bu türk kompaniýalarynyň tekliplerine garaldy we degişli ylalaşyklar gazanyldy.

Dostlukly ýurduň işewürleri ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň öndürýän ýokary hilli we dünýäde uly islegden peýdalanýan önümleriniň täze, döwrebap görnüşleriniň ilkinji bolup ata Watan Türkmenistana iberilmeginiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant boljakdygyny buýsanç bilen bellediler.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Bu syýasy ugur Türkmenistanyň halkara abraýyny has hem artdyrýar. Munuň gözbaşynda bolsa Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan edýän halkara başlangyçlary durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Işewürler, öz gezeginde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegindäki möhüm ähmiýetini bellediler. Munuň özi Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerledilmeginde möhüm şerti emele getirýär.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we türkiýeli işewürler özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň