2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň
orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk
Respublikasynyň Bilim ministriniň orunbasary Sun Ýao bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar häzirki wagtda iki döwletiň Baştutanlarynyň
yzygiderli ýokary derejedäki duşuşyklarynyň amala aşyrylmagynyň netijesinde
türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça depginli
ösdürilýändigini bellediler.
Şeýle-de, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim ulgamynda
hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüş we netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Munuň
şeýledigini iki tarapyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň birek-biregiňkä
amala aşyrýan saparlary, bilelikdäki maslahatlaryň, seminarlaryň, forumlaryň we
sergileriň geçirilmegi subut edýär.
Şunuň bilen birlikde, hünärmenleri taýýarlamak, olaryň alyş-çalyşygy,
maglumat howpsuzlygy boýunça bilim we maslahat beriş çäreleriniň geçirilmegi
babatynda hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň meseleleri maslahatlaşyldy. Gysga
we uzak möhletleýin ylmy-barlag hem-de bilim maksatnamalarynyň, lukmançylyk,
oba-hojalygy, ekologiýa, nanotehnologiýalar, syýasaty öwreniş we başga ugurlar
boýunça okuw sapaklarynyň hem-de maslahatlarynyň gurnalmagynyň mümkinçilikleri
barada pikir alşyldy.
Söhbetdeşler Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministriniň orunbasarynyň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza amala aşyran şu gezekki sapary bilim
ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmakda ähmiýetli waka öwrüljekligi
hem-de Türkmenistan bilen Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky
gatnaşyklary berkitmäge kuwwatly itergi berjekdigi hakynda bellediler.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi