28-nji dekabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan
Täze ýyl dabarasyna gatnaşyp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki
meýdançada ýaýbaňlandyrylan çärä gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny
paýlaşdy.
Asylly däbe görä, ak mermerli
Aşgabadyň ajaýyp künjekleriniň biri — Köpetdagyň eteginde ýerleşýän “Älem”
medeni-dynç alyş merkezi hemmeler üçin garaşylýan Täze ýyl baýramynyň
geçirilýän esasy ýerine öwrüldi. Bu baýramçylygy ähli ildeşlerimiz
şatlyk-şowhun bilen garşylaýar.
Ine, şu gün hem bu ýerde
köpöwüşginli baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyrylypdyr. Meýdançanyň merkezinde
“2024” ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bezelen, dürli öwüşginli bezegleri,
oýunjaklary we yşyklary bilen ýalkym saçýan belent başly arça oturdylypdyr.
Beýikligi 44 metr, ini hem 16 metr bolan ýurdumyzyň Baş arçasynyň töwereginde
öwşün atýan dürli bezeg serişdelerinden hakyky ertekiler dünýäsi emele
getirilipdir. Bu ýerdäki arçalardan tokaýjyk, erteki gahrymanlarynyň keşpleri
bilen Täze ýyl täsinligini ýada salýar. Sowgatlara garaşmak ýaly ajaýyp
duýgulary hem-de täsin başdan geçirmeleri özünde jemleýän Täze ýyl hemmeleriň
söýgüli baýramydyr.
Körpeler baýramçylyk
mynasybetli bu ýerde döredilen ertekiler dünýäsine haýran galyp, täsin
şäherjigiň gözelliklerini synlamaga howlugýarlar. Meýdançada ýaňlanýan ajaýyp
aýdym-sazlar olary durşy bilen täsinlige beslenen syýahata çagyrýar. Onuň
daş-töweregini gurşap alýan baglar dürli yşyklar bilen bezelip, agşamlaryna
Täze ýyl baýramyna mahsus özboluşly görnüşi döredýär. Mundan başga-da,
yşyklardan emele getirilen agaçlar we beýleki bezegler bu ýerdäki gözellikleriň
üstüni ýetirýär.
Baş arçanyň ýanynda geçirilýän
dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan çagalar we paýtagtymyzyň mekdeplerinden
göreldeli okuwçylar çagyryldy. Olar ders olimpiadalarynyň, sport we döredijilik
bäsleşikleriniň ýeňijileri, çagalar öýlerinde terbiýelenýän nesillerdir.
Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sabyrsyzlyk bilen
garaşýarlar. Çünki döwlet Baştutanymyz bilen dabara gatnaşmak ýaş türkmenistanlylar
üçin uly hormatdyr. Hormatly Prezidentimiz körpeleri we mekdep okuwçylaryny
gutlamak, olara iň gowy arzuwlaryny beýan etmek üçin bu ýere gelýär.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy meýdançanyň öňünde saklanýar. Milli
lybasly çagalar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, Aşgabat şäheriniň häkimi mähirli
mübärekleýärler.
Çagalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen
garşylap, bagtyýar çagalyk üçin hoşallyklaryny beýan edýärler.
Ýaş nesil baradaky yzygiderli alada, olaryň milli we umumadamzat
gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegi, kemala gelmegi üçin ähli şertleri
döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biridir. Bu işde çagalara aýratyn alada bilen çemeleşilýär. Çünki olar
Watanymyzyň geljegidir.
Körpeleriň tüýs ýürekden ýerine ýetiren we belent ruha beslenen goşgulary
geljege ynamly garamaga, arzuwlaryň hasyl bolýan Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda
bagtyýar durmuşda ýaşaýandyklaryna çuňňur hoşallyk bolup ýaňlandy. Joşgunly
sazlaryň astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen
bilelikde Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar.
Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk
hem-de tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň nyşany bolan towşanyň we ýetip gelýän
2024-nji ýylyň nyşany bolan luwuň keşbine giren çagalar türkmenistanlylaryň,
ýaş nesilleriň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl bilen
gutladylar. Şeýle hem çagalar barada edýän atalyk aladalary, olaryň kämil we
köpugurly bilim almagy, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi, watansöýüjilik
ruhunda terbiýelenmegi ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden
hoşallyklaryny beýan etdiler. Olaryň öňünde ýakyn geljekde Watanymyzy täze
belent sepgitlere çykarmak wezipesi durýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýaşajyk artistleriň aýdym-sazly çykyşlaryna
tomaşa etdi. Olar bu şanly güne öz Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlapdyrlar.
Döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan zehinli aýdymçylaryň, sazandalaryň, çagalar
horeografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda täsin Täze ýyl baýramçylygy ýaýbaňlandyrylýar.
Çagalaryň ak gara çalymdaş lybaslary Baş arçanyň töweregindäki meýdançany gar
ýagan ýaly keşpde görkezýär. Ýaşyl arçanyň şahalarynda şöhle saçýan bezegler,
çagalaryň şatlykly ýylgyryşlary bu ýere aýratyn gözellik eçilýär. Türkmen
hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlaryny janlandyran keşpler
dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň hem-de jemgyýetimiziň buýsanjy
bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen synlady. Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günüň zehinli mekdep okuwçylary geljekde
Watanymyzyň okgunly durmuş we ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşarlar.
Ýurdumyzda geçirilýän bäsleşikler, ders olimpiadalary, çagalaryň döreden
sungat eserleriniň sergileri döwletimiziň we jemgyýetimiziň olara berýän uly
ünsüniň güwäsidir. Döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny açyp
görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen
üpjün edilen mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, sport, bedenterbiýe-sagaldyş
toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň beýanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli
ünsi netijesinde ýaş türkmenistanlylar özleriniň döredijilik, aň-paýhas
ukyplaryny ösdürýärler, sport bilen işjeň meşgullanýarlar. Ýaşlar daşary
döwletlerde geçirilýän abraýly bäsleşiklere, ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyza
mynasyp wekilçilik edýärler, medallara we baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
...Uly şatlyk-şowhunda Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň
ýatdan çykmajak pursady boldy. Gündogar senenamasynyň ýyllarynyň nyşanlary
bolan towşanyň we luwuň lybasyny geýen çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri
bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz ýaşajyk artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi
hem-de çagalar bilen bilelikde arçanyň daşyndan aýlanyp, olaryň şatlygyny
paýlaşdy.
Soňra dabara gatnaşan çagalaryň ählisine Täze ýyl sowgatlary gowşurylýar.
Arkadagly Serdarymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki
şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata
düşdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bagtyýar çagalar bilen
hoşlaşyp, bu ýerden ugrady we Söwda-senagat edarasynyň binasyna geldi. Bu ýerde
baýramçylyk çäresi Täze ýyl şüweleňi bilen dowam etdi.
Mälim bolşy ýaly, 27-nji dekabrda Söwda-senagat edarasynda “Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň özboluşly
jemlenmesine öwrülen halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň
dabaraly açylyşy boldy.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy. Sergide
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň, Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň
häkimlikleriniň, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň,
ulag-kommunikasiýalar, maliýe-bank, nebitgaz toplumlarynyň, oba hojalygy,
gurluşyk-senagat toplumynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň gazanan üstünlikleri
giňden görkezilipdir.
Ýokary bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmek
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň esasyny goýan we hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň
strategik wezipeleriniň biridir. Bu gün halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň kuwwaty gün-günden artýar. Ýurdumyzyň
jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, medeni, sport durmuşyndaky ähmiýetli wakalar
munuň aýdyň güwäsidir. Ähli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler şu gezekki
sergide öz beýanyny tapdy.
Garaşsyz Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar. Kabul edilen
döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýaşlar üçin durmuş ýeňillikleriniň
görnüşleri giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda amala aşyrylýan işiň
kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, “Ýaşlar barada döwlet
syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi,
“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin
Döwlet maksatnamasy” we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy
tassyklanyldy. Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi
“Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygary ugur edinýän durmuş maksatly syýasatyň
esasy ugurlarynyň hataryndadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy
boýunça döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi munuň
aýdyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň goldawy bilen
gaznanyň müdiriýeti köp sanly haýyr-sahawat çärelerini amala aşyrdy.
Häzirki döwürde ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça
köptaraplaýyn halkara dialogy ösdürmekde giň gözýetimli, durmuşa döwrebap
garaýan ýaşlara uly orun berilýär. Olaryň öňünde geljekde bu meseleleriň täze,
döwrüň talabyna laýyk gelýän çözgütlerini tapmak ýaly jogapkärli wezipe durýar.
Ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolmak bilen,
ählumumy ösüşiň maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin esasy ugurlar
boýunça netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak syýasatyny yzygiderli amala
aşyrýar. Mälim bolşy ýaly, dürli ýurtlaryň ýaşlarynyň dialogyny giňeltmäge
gönükdirilen halkara ýaşlar diplomatiýasy şol hyzmatdaşlygyň bir ugrudyr. Giň
mümkinçiliklere eýe bolan ýaş nesil hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmek
bilen, bu ulgamda alnyp barylýan işe saldamly goşant goşýar.
Sergide şähergurluşyk ulgamynda gazanylýan üstünliklere bagyşlanan bölüm
hem ýerleşdirilipdir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri
Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyzyň
baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli konsepsiýanyň
netijesinde, şäherlerimiziň we obalarymyzyň durky tanalmaz derejede özgerdi.
“Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat we
özünde iň täzeçil sanly tehnologiýalary jemleýän Arkadag şäheri munuň aýdyň
mysalydyr. Sebitde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäheriň gurluşygynyň
taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň,
ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap öňe gitmeginiň görkezijisidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde
geçirilýän sergä baryp görmegi ýaş türkmenistanlylaryň aň-paýhas, döredijilik
we ruhy kuwwatyny durmuşa geçirmekleri üçin mümkinçilikleri döretmek, olary
ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň
gatnaşmaga höweslendirmek boýunça meseleleriň döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns
merkezinde saklanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
Arkadagly Serdarymyz köpugurly sergä gatnaşyjylara täze üstünlikleri
arzuw edip, Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna
barýar. Bu ýerdäki gözel arçanyň daşynda Täze ýyl ertekileriniň baş
gahrymanlary, Aýazbaba, Garpamyk, 2024-nji ýylyň nyşany bolan luw, baýramçylyk
lybasly köp sanly ýaşajyk aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary
ýygnanypdyrlar. Olaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen
garşylaýarlar.
Bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz,
ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalary hem-de agtyklary bilen geldiler.
Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky
diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki
ilçileri öz çagalary bilen gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk
artistleriniň, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, zehinli
çagalaryň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänleriň çykyşlaryna tomaşa
etdi.
Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada Täze ýyla bagyşlanan şadyýan
aýdymlaryň, sazlaryň, joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli pursatlara
beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. “Güneş” çagalar hory, «Mukam» skripkaçylar
topary, “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”, “Aýjan”, “Meňli”, “Dokmaçylar”,
“Galkynyş” tans toparlary sahna meýdançasynda öz döredijilik sowgatlaryny
görkezdiler.
Döredijilik toparlary bilen birlikde, aýdymçylar hem sungatdaky
başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň ählisi döwlet derejesindäki birnäçe
bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň hem ýeňijileridir. Olar Täze
ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen kompozitorlarynyň, häzirki zaman
aýdymlaryny, nusgawy eserleri, tans sazlaryny we folklor häsiýetli horeografik
çykyşlary öz içine alýan ýörite medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar.
Ýurdumyzyň ussat we höwesjeň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly
çykyşlary ýygnananlarda uly täsir galdyrdy. Tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak
teatrynyň artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlary hem ýygnananlarda uly
gyzyklanma döretdi. Ýaşajyk zehinlerem öz başarnyklary bilen hemmelere şatlyk
paýlap, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk
bilen görkezdiler. Olar milli mirasymyzdan ylham alyp, dünýä medeniýetiniň
gymmatlyklary, ähli gyzykly täzeçillikler üçin hem açykdyrlar.
Täze ýylyň hormatyna dabara gatnaşyjylara süýjülik torty hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri ýetip gelýän
baýramçylyk bilen gutlady we täze — 2024-nji ýylda ähli arzuwlaryň hasyl
bolmagyny arzuw edip, dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
Ak mermerli paýtagtymyzyň
şaýollary, meýdançalary, seýilgähleri, jemgyýetçilik ýerleri hem täze ýyly
garşylaýan günlerimizde aýratyn toý lybasyna beslendi. Ýagtylandyryşyň dürli
usullary bilen emele getirilen özboluşly kompozisiýalar, yşyklandyryjy bezegler
Aşgabady aýratyn gözel keşbe getirdi. Baş şäherimiziň köçelerinde dürli
reňklerde ýalkym saçýan yşyklar ertekiler dünýäsine düşen ýaly duýgyny
bagyşlaýar.
Şeýlelikde, baýramçylyk
dabaralary her bir öýe, her bir maşgala ýagşy arzuwlary, şatlykly pursatlary,
baýramçylyk täsinliklerini eçilmek üçin giň gerimde dowam edýär.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan
täze — 2024-nji ýyla gadam basmak bilen, halkymyzyň agzybirligini, ösüp gelýän
ýaş nesliň bagtyýarlygyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz
Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini aýdyňlygy bilen äşgär edýär.
Çeşme:
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi