Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli
resminamasyna laýyklykda, Russiýa Federasiýasyndan aýdymçy-kompozitor Anna
Wladimirowna Şuroçkina «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady
dakyldy.
Resminamada
bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň
dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny
berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän
medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn
hyzmatlary üçin, şeýle hem joşgunly zehinini we aýdym-saz sungatyny ösdürmekde
gazanan ajaýyp üstünliklerini göz öňünde tutup, Russiýa Federasiýasyndan
aýdymçy-kompozitor Anna Wladimirowna Şuroçkina «Türkmenistanyň at gazanan
artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi