Türkmenistanyň Prezidenti türgenleri awtoulag bilen sylaglady

27-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Ol “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemleýän özboluşly çärä öwrüldi.

Dabaralaryň çäklerinde türgenleri, hususan-da, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynda ýokary netijeleri gazanan türgenleri, olary bu iri halkara ýaryşa taýýarlamaga şahsy goşant goşan tälimçileri sylaglamak dabarasy boldy.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň, bedenterbiýäniň we sportuň wagyz edilmegi jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbidine ýaşlaryň mümkinçiliklerini iň ýokary derejede peýdalanmaga gönükdirilen ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty höweslendirmek, wagyz etmek, ýokary derejede ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklap, bu meselelere döwlet derejesinde jogapkärli çemeleşýär.

Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleri döretmek ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýaş türkmenistanlylar üçin ajaýyp sport toplumlary we köpugurly stadionlar, köp sanly sport mekdepleri ulanmaga berilýär, olarda tälim alýan ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Türkmen türgenleri döwlet tarapyndan edilýän aladalara we berilýän goldawlara jogap edip, iri ýaryşlarda ýeňiş gazanýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony we ýurduň Kubogynyň eýesi bolan «Arkadag» futbol toparyna «MAN RR3 19.440 EEV» kysymly awtobusyň açary gowşuryldy. Bu futbol toparynyň şu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ösen infrastruktura döredilen täze Arkadag şäherinde esaslandyrylmagy ýurdumyzyň sport durmuşynda möhüm waka bolup, sportuň bu meşhur görnüşiniň mundan beýläk-de ösmegine kuwwatly itergi berdi.

Dünýäniň dört yklymynyň — Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň wekillerini paýtagtymyzda jemlän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň netijelerine görä, türkmen kuraşçylary erkekleriň arasynda ýedi, zenanlaryň arasynda sekiz, jemi 15 agram derejesinde 15 medal gazandylar. Munuň özi ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanylan nobatdaky üstünlikdir.

Türgenlere hem-de ýurdumyzyň tälimçi-mugallymlaryna sowgat hökmünde 2 sany «Toyota Camry V6» we 5 sany «Toyota Fortuner SR5» kysymly 2023-nji ýylda öndürilen awtoulagyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýaşlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mähriban Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň