Täze – 2024-nji ýylda
dünýä inen ilkinji çaga oglanjyk bolup, oňa ene-atasy Arkadag diýip at goýdy.
Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Bu çaga Arkadag
şäherinde ýerleşýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde
2024-nji – “Paýhas-pähim ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda dünýä indi.
Türkmenistanyň
habarlar portalynyň habar bermegine görä, Arkadag ady goýulan bu çaga Ahal
welaýatynda ýaşaýan Kakageldiýewler maşgalasynyň üçünji çagasy boldy.
Täze dünýä inen
çaganyň ene-atasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Çeşme: Türkmenmetbugat