10-njy
ýanwarda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky edarasynda Türkmenistanyň
Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen GDA-nyň Baş sekretary
Sergeý Lebedewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde integrasiýa
hyzmatdaşlygyna gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Şunuň
bilen birlikde, taraplar şu ýyl geçiriljek bilelikdäki çäreleriň tertibine
seredip geçdiler. Hususan-da, S.Lebedew GDA-nyň Hemişelik wekiller
geňeşiniň we GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň Ykdysady meseleler boýunça
komissiýasynyň şu ýylyň ýanwar aýynda Minskde geçiriljek mejlisleriniň gün
tertibi barada durup geçdi. Bu duşuşyklrada Russiýa Federasiýasynyň GDA-da
başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hödürlenjekdigi bellenildi.
Çeşme: Türkmenistanyň
Daşary işler ministrligi