12-nji ýanwarda Türkmenistanyň
Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş
dabarasy we 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip
yglan edilmegi mynasybetli «tegelek
stol» maslahaty geçirildi.
Bu çärä «Täjigistan-Türkmenistan»
dostluk jemgyýetiniň wekilleri, Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler we
talyplar gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar –
Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda,
onuň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny, kitabyň diňe ösüp
gelýän ýaşlar üçin ýankitaba öwrülmän, eýsem ähli türkmen raýatlary üçin
bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolandygy barada nygtaldy.
Duşuşykda 2024-nji ýylyň
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, ýylyň
dowamynda milli hem-de halkara derejesinde akyldar şahyra bagyşlanan çäreleriň
geçirilmeginiň ähmiýeti barada pikir-alyşmalar geçirildi.
Çärä gatnaşyjylar Magtymguly
Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýetini belläp, onuň tutuş dünýä medeni-mirasynyň
aýrylmaz bölegine öwrülendigini nygtadylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi