Türkmenistan BMG bilen ählumumy howany goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň ahyrynda Dubaýda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi hem-de ekologik howpsuzlyk baradaky milli garaýyşlaryň beýany BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy. Bu Beýan Baş Assambleýanyň şu gezekki sessiýasynyň gün tertibiniň «Adamzadyň häzirki we geljek nesilleriniň bähbidine ählumumy howany goramak» hem-de «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» bentleri boýunça neşir edildi.

Resminamada, hususan-da, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (ÝUNEP) bilen bilelikde, Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkeziniň açylmagy üçin kanuny esasyň döredilendigi barada aýdylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyndaky çykyşynda Türkmenistanyň şu maslahata gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýandygyny belledi. BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyndan, soňraky iri forumlardan we Türkmenistanyň häzirki tagallalaryndan başlap, ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde dowamatlylygy hem-de yzygiderliligi üpjün etmek bu strategiýada kesgitleýji orny eýeleýär.

2012-nji ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa Türkmenistanyň ählumumy howa gün tertibine doly derejede goşulyşmagynyň ýolunda başlangyç nokada öwrüldi. Ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bu ugurdaky nobatdaky ädim boldy. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň täze redaksiýasy tassyklanyldy. Resminama inklýuziw häsiýete eýedir hem-de ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň ähli esasy pudaklarynyň täze talaplara uýgunlaşmagy boýunça çäreleriň giň sanawyny özünde jemleýär. Ýangyç-energetika toplumyna aýratyn üns berilýär. Bu toplumda ugurdaş nebit gazynyň gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak we tebigy gaz iberilende, onuň ýitgisini kemeltmek arkaly zyňyndylary azaltmak boýunça uly işler ýerine ýetirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýär. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň täsirlerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge ýardam berer. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatda halkara tagallalara ýurdumyzyň goşandy möhüm meseleleriň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldamak barada aýtdy we resminamany içgin öwrenmäge, ony durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny nazara almak bilen, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDC) taýýarlady we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady. Bu strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan edýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz borçnamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etdirer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Merkezi Aziýada howa meselelerini çözmek boýunça köp ýyllaryň dowamynda ilerledýän giň halkara hyzmatdaşlygy bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini belledi. Şol sebit maksatnamalary bolsa howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýa döwletlerine geçirmäge gönükdirilendir. Bu resminama Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini açmak baradaky meselä jikme-jik garamak üçin ilkinji ädim hem-de düýpli hukuk şerti hökmünde garalýar. Şeýlelikde, 80 milliona golaý ilatly, täsin tebigy serişdelere we biodürlülige eýe bolan, şol bir wagtyň özünde, düýpli ekologik wehimleriň zolagynda ýerleşýän sebit üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen merkezini döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjy bu gün aýdyň mümkinçiliklere eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ählumumy howa başlangyçlarynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge doly ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan teklip edilýän Howa we saglyk boýunça Jarnamany makullaýar hem-de Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek babatda saglygy goraýyş meselelerinde biziň umumy tagallalarymyzy, bitewüligimizi tassyklamak üçin bu Jarnamany goldamagy wajyp hasaplaýar.

 

 Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň