Aşgabatda Magtymgula bagyşlanan sergi geçirildi

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen suratkeşleriniň suratlarynyň we heýkelleriniň sergisi geçirildi.

Sergi Rahman Umarowyň täze döreden «Magtymguly» eseri bilen açyldy. Sergä gelenleri suratdaky nusgawy şahyryň nurana ýüzi garşy aldy.

Şu ýerde käbir zatlary ýatlap geçsek ýerlikli bolar. 1947-nji ýylda suratkeş Aýhan Hajyýew Magtymgulynyň kanoniki portretini döretdi. Ençeme onýyllyklaryň dowamynda suratkeşler kanoniki portretiň esasy ýüz keşbini ulanyp gelýärler. Ýöne soňky döwürde, suratkeşler şahyry özleriniň duýuşlary ýaly suratlandyrýarlar. «Meniň Magtymgulym» – bu hyjuw bilen, kanoniki portretiň daşky alamatlary bolmazdan şahyryň tanalýan suratlary peýda bolýar.

Suratkeş Umarow Magtymgulyny şeýle görýär. Magtymgulynyň bu keşbi sergä gelenleriň hemmesi tarapyndan makullandy we ykrar edildi.

Sergidäki suratlaryň köpüsi Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewe degişlidir, ol öz eserlerinde Magtymgula aýratyn üns beren suratkeşdir. Ine, halk köpçüliginiň arasynda duran şahyry şekillendirýän suratlar, şeýle hem zergäriň ussahanasynda obadaşlary bilen söhbet edýän wagty.

Şol bir wagtyň özünde, sergide beýleki şahyrlaryň – Seýdiniň, Mollanepesiň we beýlekileriň portretleri hem görkezildi. Rejepberdi Muhammedowyň «Beýik Ýüpek ýoly» atly triptihi, beýik türkmen şahyrynyň ýaşan we işlän döwrüni suratlandyrýar.

Sergi Magtymguly Pyragynyň poeziýasyny söýýänleriň we sungaty söýüjiler tarapyndan uly gyzyklanma mynasyp boldy.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»


Yza

Şeýle hem okaň