15-nji ýanwarda Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginde “Türkmenistanda 2024 — 2028-nji ýyllarda durmuş
hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasyny
maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi. Çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik
guramalarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle-de
Türkmenistanda işleýän BMG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri
gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda taraplar
ilaty durmuş taýdan goramagyň ulgamyny mundan beýläkde kämilleşdirmek we durmuş
hyzmatlaryny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri görmek bilen bagly
meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler
ministriniň orunbasary M. Bäşimowa orta we uzak möhletleýin häsiýetli milli
maksatnamalary işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň BMG bilen köp ýyllyk
hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.
Hususan-da, M. Bäşimowa
işlenip taýýarlanylýan maksatnamanyň durmuş meselelerine aýratyn ünsi çekip,
Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň arasynda 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda
gol çekilen “Milli derejede inklýuziw durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmagyň
hasabyna durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek” baradaky bilelikdäki
maksatnamanyň ähmiýetiniň uludygy barada nygtady.
Şeýle-de, duşuşykda degişli
maksatnamanyň işlenilip taýýarlanylmagynda Durnukly ösüşiň maksatlarynyň we
onuň esasy görkezijileriniň ornaşdyrylmagyna uly üns berilmelidigi barada
bellenildi.
Duşuşygyň barşynda
Türkmenistan bilen BMG-niň durmuş syýasaty baradaky
hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçiliklerine hem aýratyn ähmiýet berildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi