Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa
institutynda «Ýaşlary ylmy işe çekmekde öňdebaryjy alymlaryň tejribesini
ulanmagyň ähmiýeti» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi.
Institutyň müdiri, himiýa ylymlarynyň kandidaty
Hallymyrat Ataýew maslahaty açmak bilen, himiýa we himiki tehnologiýalar
boýunça ýokary bilimli ýaş hünärmenleri taýýarlamakda halypa-şägirtlik
ýörelgesiniň möhümdigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, halypa-şägirtlik ýörelgesi türkmen
halkynyň nesilleriň dowamlylygyny, toplanan bilimleriň we tejribäniň
alyş-çalşygyny, ýaşlaryň ruhy we ahlak terbiýesini üpjün edýän köp asyrlyk
däpleriniň biridir. Häzirki wagtda Himiýa institutynyň işgärleriniň ýarysy
diýen ýaly ýaşlardyr. Olaryň sany ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň
uçurymlary, şeýle hem ýokary okuw mekdebi Hytaýda, Russiýada we Belarusda
tamamlan ýaşlaryň hasabyna ýylsaýyn artýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Magtymguly
adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň degişli bölümleri institutyň ýerliginde
iş alyp barýarlar.
Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň
bilelikdäki işlerini guramak, ylym bilen bilimi birleşdirmek ýaly meseleler,
Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Organiki däl we analitika» bölüminiň müdiri
O.N.Geldiýewanyň we Himiýa institutynyň «Tebigy, gidromineral çig malyň
himiýasy we tehnologiýasy» barlaghanasynyň esasy ylmy işgäri L.B.Atamalowyň
çykyşlarynda jikme-jik beýan edildi.
Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy
M.Gurbanow çykyşyny ýaşlaryň himiýa tehnologiýalary boýunça taýýarlygyny
kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullaryna bagyşlady. Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy B.Ataýewanyň çykyşynda bolsa
döwrümiziň ylmy jemgyýetiniň täze neslini emele getirmekde halypa-şägirtlik
ýörelgesiniň netijeliligi açylyp görkezildi. Beýleki çykyş edenleriň
çykyşlarynyň mowzuklaryna-da şu nukdaýnazardan garalyp geçildi.
Halypa-şägirtlik tejribesiniň netijeliligini atlary
agzalyp geçilen ýokary okuw mekdepleriň talyplary Gülbahar Berdiýewa, Şanazar
Bäşimow we Eziz Hommatgulyýew dagy maslahatda eden çykyşlary bilen
tassykladylar. Olar öz çykyşlaryny «Şor suwy arassalamagyň we süýjetmegiň
innowasion membrana tehnologiýalary», «Plastik galyndylary gaýtadan işlemegiň
ekologik we ykdysady ähmiýeti» we «Ýerli çig maly ulanmak bilen, dokma önümleri
üçin tebigy boýag öndürmegiň himiki usullary» ýaly wajyp mowzuklara
bagyşladylar.
Çeşme: «Türkmenistan:
Altyn asyr»