Ýaponiýa amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda, 22-23-nji ýanwarda
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen
wekiliýeti Ýaponiýanyň daşary söwda guramasynyň («JETRO») ýerine ýetiriji
direktory hem-de başlygy Işiguro Norohiko we Eksport we maýa goýum
ätiýaçlandyryş guramasynyň («NEXI») ýerine ýetiriji diektory hem-de başlygy
Asuo Kuroda bilen duşuşyklary geçirdi.
«JETRO» guramasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn
söwdanyň ösüşini höweslendirmek boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine
ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi. Hususan-da, birek-biregiňkide
söwda wekilçilikleriniň, biziň ýurdumyzda we Ýaponiýada işewürligi alyp
barmaga gönükdirilen kiçi we orta telekeçileriň özüne çekijiligini artdyrmak
maksady bilen «JETRO» guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň,
Türkmenistanyň Ýaponiýada söwda öýüniň açylmagynyň mümkinçilikleri boýunça
pikir alyşmalar gurnaldy. Şeýle-de, şu ýylyň birinji ýarymynda türkmen
tarapynyň «JETRO» guramasy bilen bilelikde işewürlik forumyny geçirmek boýunça
meýilleri beýan edildi.
«NEXI» guramasynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda maýa
goýum ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, hususan-da, Türkmenistanda
ähmiýeti uly bolan taslamalaryň maliýeleşdirilmegine dürli maýa goýum
guramalarynyň çekilmeginiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen birlikde, taraplar uly ähmiýete eýe bolan ugurlar boýunça
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gyzyklanma
bildirdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler
ministrligi