Sişenbe güni Türkmenistanyň wekiliýetiniň
Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Tsukuba Uniwersitetinde
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
rektorlarynyň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline tejime edilen
“Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Çärä Tsukuba Uniwersitetiniň
professor-mugallymlary we talyplary, Ýaponiýanyň ylmy jemgyýetçiliginiň
wekilleri, Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çärede çykyş eden myhmanlar Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitabynyň ýokary ähmiýetini bellediler. Onda
nesilden nesle geçip gelýän türkmen däplerine we taryhymyza hem-de ýurdumyzyň
häzirki ösüşlerine üns berilýär.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar kitapda adamzadyň, dünýäniň, tebigatyň we durmuşyň ähmiýeti baradaky pikirleriň jemlenendigini hem-de ýaş nesle gymmatly öwüt-ündewleriň beýan edilendigini bellediler.
Kitabyň “Ýagşy adam ýatdan çykmaz” atly bölümine aýratyn üns berildi. Onda Ýaponiýanyň öňki Premýer-ministri Sindzo Abeniň türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegindäki möhüm orny beýan edilýär.
Okamak