Döwrebap desgalar ulanylmaga berildi

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň Bereket hem-de Gyzylarbat etraplarynyň polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalary dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.

Dabaralarda çykyş edenler olara gatnaşyjylary edara binalarynyň ulanyşa tabşyrylmagy bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar. Şeýle-de olar içeri işler edaralarynyň maddy–enjamlaýyn binýadyny hem-de ýurdumyzyň ulag düzümini yzygiderli kämilleşdirmekde döwletimiz tarapyndan uly işleriň durmuşa geçirilýändigini hoşallyk bilen aýratyn belläp geçdiler. 

Täsirli, şowhunly geçen dabaralaryň dowamynda Günbatar sebitiň  aýdym-saz, tans, halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary hem belentden ýaňlandy.   

Soňra dabaralara gatnaşyjylar awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň döwrebap iş mümkinçilikleri bilen içgin tanyşdylar. Olarda ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýalar hem-de sanly ulgam bolsa dabaralara gatnaşanlarda gyzyklanmalar döretdi.  Binalaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ylmyň we tehnikanyň soňky  gazananlaryna daýanýan kuwwatly anyklaýyş, bejeriş we ölçeýji enjamlar bilen üpjün edilmegem awtoulaglara tehniki gözegçilik işlerini ýokary hilli guramaga mümkinçilik döredýär. Şonuň ýaly-da ösen enjamlaryň kömegi bilen awtoulaglaryň ekologiýa kadalarynyň talaplaryna laýyklygy kesgitlenýär. 

Mundan başga-da, ulaglaryň dolandyryş ulgamynyň tehniki ýagdaýy, olaryň işlän wagty bölüp çykarýan gazynyň möçberi, tizlik görkezijisiniň işleýşi anyklanýar. Şeýlelikde, kompýuterler arkaly işleýän kämil enjamlar dürli kysymly ulag serişdeleriniň tehniki guratlygyny barlap, şonuň netijesinde näsazlyklary dessine düzetmäge mümkinçilik berýär.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň