Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýaşaýyş jaýlary açyldy

Ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilýän Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri üçin 4 gatly 24 öýli ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Ähli amatlyklary bolan täze döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly aýdym-sazlaryna giň gerim berilmegi, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, welaýatyň Adalat bölüminiň täze jaýlara göçüp gelýän işgärleriniň hoşallyk çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy şatlyk-şowhuna, ýokary ruhubelentlige beslenip, jaý toýlaryny ýatdan çykmajak pursatlara öwürdi.

«Röwşen çyragy» hususy kärhanasy tarapyndan ýokary hil derejesinde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýy 20 sany 3 otagly we 4 sany 4 otagly öýlerden ybaratdyr. Täze bina otaglary giňligi we ýagtylygy bilen tapawutlanyp, myhmanlara, çagalara, şeýle hem dynç almaklyga niýetlenen otaglardan, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen aşhanadan ybaratdyr.

Watan goragçylarynyň hünär baýramynyň öň ýanynda onlarça maşgalalaryň jaý toýlaryny toýlamaklary ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň maşgalalary üçin döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň buýsandyryjy subutnamalarydyr.

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň Bereket hem-de Gyzylarbat etraplarynyň polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalary dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

 

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň