26-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň
mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew “Türkmenistanda öndürildi” milli haryt
nyşanynyň şekilini taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
“Türkmenistanyň 2021 – 2030-njy ýyllar üçin daşary
söwda Strategiýasyna” hem-de “Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we
maslahatlary guramak işini 2020 – 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna”
laýyklykda ýurdumyzyň önümlerini dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça göz
öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.
Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda pudagara iş topary döredildi.
Häzirki wagtda bu topar tarapyndan “Türkmenistanda öndürildi” milli haryt
nyşanynyň şekili hem-de milli haryt nyşany baradaky Düzgünnamanyň taslamasy
işlenilip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, elektron söwdany guramakda hem-de harytlary sargyt etmekde, önümleri
taýýarlamakda we ýerlemekde sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etmegiň zerurdygyny
nygtady.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Okamak