Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi ýurtda tokaýlary dikeltmek we agaçlary köpeltmek boýunça geçirilmeli işleriň täze düzgünlerini we kadalaryny tassyklady. Täze Düzgünnama boýunça buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi.
Resminama Türkmenistanyň dürli sebitleriniň howa şertlerini hasaba almak bilen agaçlary oturtmagyň aýratyn usullaryny we ýörelgelerini belleýär. Mundan başga-da, tokaý hojalygy pudagynda ulanylýan esasy adalgalary kesgitleýär.
Düzgünnamanyň baş maksady ilki bilen tokaýlaryň çapylyp ýok edilmeginiň, tokaý ýangynlarynyň öňüni almakdan we ozal bar bolan tokaý zolaklaryny öz wagtynda gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr. Beýleki maksatlar tokaýlaryň tohumçylyk düzümini gowulandyrmagy we ýerleriň rejeli peýdalanylmagyny öz içine alýar. Şeýle hem düzgünnama tokaýy dikeltmek we agaçy köpeltmek boýunça işiň netijeliligine baha bermegiň kadalaryny kesgitleýär. Suwarymly ýerlerde agaç nahallarynyň 75 göterimden gowragy, dag we dag eteklerinde 45 göterimden gowragy düýp tutan bolsa, agaç ekmek işiniň üstünlikli ýerine ýetirilendigi ykrar edilýär.
Degişli resminama «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy bilen ylalaşyldy hem-de şu ýylyň 26-njy ýanwarynda tassyklandy.
Okamak