Türkmenistanda 2024-nji ýylda iri binalardyr desgalaryň 49-sy açylyp, ulanmaga berler

Hökümetiň geçen hepdäniň anna gününe geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow döwlet Baştutanyna şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalar we desgalar barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gurluşyk ulgamyny ösdürmek üçin ähli şertler döredildi, täze şähergurluşyk syýasaty durmuşa geçirilýär, ösen tehnologiýalary ulanmak arkaly medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň sanawyny düzmek boýunça degişli işleriň geçirilendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Her ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryňdyr desgalaryň sanawy düzülýär. Şu ýylda hem ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň sanawy öz içine iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 49-syny alýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň