Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamagyň çäklerinde ýerlerde sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ýazky möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, pagtaçylar üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny, zerur tehnikalary ekişe taýýar etmek ugrunda degişli çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de welaýatyň ak ekin meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, şu ýylyň hasyly üçin gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynyň möwsüme talabalaýyk taýýar edilmegini, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar abatlanylýar, pagta öndürijiler üçin sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlary taýýarlanylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam edýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, olaryň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny, tehnikalary möwsüme taýýar etmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli alnyp barylmagy ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda ýaýbaňlandyrylan işleriň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini, ekiş üçin gowaça tohumynyň taýýar edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary möwsüme taýýar etmek, pagtaçy daýhanlary sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlary bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ekinleriň ekiljek ýerleri hem-de tohumlary ekişe taýýarlanylýar. Şunuň bilen birlikde, gyş möwsüminde welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi yzygiderli gözegçilikde saklanylýar. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, jogapkärli oba hojalyk möwsümine ýokary taýýarlykly girişmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaçanyň, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýar etmek, daýhanlary zerur bolan ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýat boýunça bellenilen wezipeleriň doly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýtdy we bu ugurda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde sürüm, tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ekişde we bejergi işlerinde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi gözegçilikde saklanylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş maksatly binalarda, iri önümçilik desgalarynda, inženerçilik ulgamlarynda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda dowam edýän işleriň ýokary hilli geçirilmegini, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän gowaça tohumlarynyň taýýar edilmegini, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki azyklyk ekinleriň ekişine ykjam taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek hem-de topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri gündelik gözegçilikde saklanylýar. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek, ekişde ulanyljak tehnikalary, oba hojalyk gurallaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine toplumlaýyn esasda taýýarlyk görülýär.

Welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek babatda geçirilýän işler degişli gulluklar tarapyndan gözegçilikde saklanylýar. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda we bugdaý ekilen meýdanlarda geçirilýän işleriň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, pagtaçy kärendeçileriň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk çigitleri taýýarlamak we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň tohumlaryny, olaryň ekiljek meýdanlaryny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumynyň, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň möwsüme doly taýýar edilmegini, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, öňümizdäki jogapkärli ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň, hususan-da, ekiş geçiriljek meýdanlaryň, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň möwsüme doly taýýar edilmegini, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatlarda medeni-durmuş maksatly binalardaky ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň