Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly
Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň 2024-nji ýyldaky ilkinji sany okyjylara ýetirildi.
Neşiriň
täze sany üstümizdäki ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
ýyly diýlip atlandyrylmagyna bagyşlanan makala bilen açylýar. Neşir täze
sanynyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar ― Watanyň
daýanjy» atly kitabyna seslenmeleri paýlaşýar.
«Durky
peleň, şir mysaly//Mizemez şöhratly ýoly» atly makalada «Ak dost» atly alabaýyň
ýakynda gazanan üstünligi wasp edilýär. «Magtymguly diýip adym tutsalar...»
atly makala bolsa akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanypdyr.
«Körpe nesilleriň alkyşy»
atly makala Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň jemlerine bagyşlanan bolsa,
ýanwar aýynyň esasy şanly seneleriniň biri bolan Watan goragçylarynyň güni
mynasybetli hem makala okyjylara ýetirilýär. Neşiriň täze sanynda rus dilindäki
ilkinji makala guşlary goramak mowzugyna bagyşlanýar. Şondan soňra bolsa 7-lik
san bilen bagly täsinlikler bilen tanşyp bilersiňiz. Gyzykly makalalaryň ýene
birinde türkmen keçesi barada gürrüň berilýär.
Neşir ilkinji sanlaryndan
bäri gelýän däbi ýöredip, ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işleriň
bäsleşiginiň ýeňijileriniň alyp baran ylmy gözlegleri baradaky makalalary
ýetirmegi dowam etdirýär. «Elektron sport we onuň aýratynlyklary» atly makala
gyzykly maglumatlara baý. Iňlis dilindäki makalalaryň ýene birinde halkara
işewürlik gatnaşyklary barada söz açylýar.
Žurnal balyk ýylynyň
aýratynlyklary baradaky makalany rus dilinde paýlaşýar. Iňlis dilindäki
makaladan bolsa gyş baradaky gyzykly maglumatlary tapyp bilersiňiz.
«Arkadagly Ýaşlar»
žurnalynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji sanynda
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen bilelikde yglan edýän döredijilik
bäsleşiginiň Düzgünnamasyny hem paýlaşýar. Neşiriň bir ýyllyk taryhynda ilkinji
gezek däbe öwrülen «Ýaş waspçy» bäsleşiginde üç ýeňijini görüp
bilersiňiz.
Çeşme: «Türkmenistan:
Altyn asyr» elektron gazeti