Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçisi iberilen dostluk kömegi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi

Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçisi Azizbek Madmarow öz ýurdunyň paýtagtyndaky iri ýylylyk elektrik stansiýasynyň işiniň wagtlaýyn durmagy bilen bagly iberilen dostluk kömegi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna hoşallyk bildirdi. Ol bu barada 7-nji fewralda Gyrgyzystanyň ilçihanasynyň binasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ýatdy.

2000 tonnadan ybarat dostluk kömegi Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy boýunça dostluk kömegi hökmünde iberildi. Ýakynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň döwlet Baştutany bilen telefon söhbetdeşliginde iberilen kömek üçin hoşallyk bildirdi.

 Žurnalistler bilen bolan söbetdeşlikde ilçi Azizbek Madmarow iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşçulyk gatnaşyklary barada durup geçdi. Bellenişi ýaly iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli esasda gepleşikleri geçirmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykardy. Şeýle hem ýurtlaryň energetika pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellendi.

 Türkmenistan Gyrgyzystan elektrik energiýaysny, awtoulag ýangyjyny we awiasiýa kerosini iberýär. Türkmenistandan Gyrgyzystana eksport edilýän harytlaryň hatarynda gurluşyk serişdeleri, dokma we oba hojalyk önümleri hem bar. Türkmenistanda ösdürilen ýyladyşhana pomidary gyrgyz bazarynyň 70-80 göterimine golaýyny düzýär. Öz gezeginde Gyrgyzystan Türkmenistana elektrik enjamlary, yşyklandyryjy lamaplary, diodlary we ýarym geçirijileri, himiýa önümlerini eksport edýär.

Umuman Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda söwda dolanyşygy artýar. Ilçiniň sözlerine görä, 2023-nji ýylda iki ýurduň 100 million dollara barabar söwda dolanyşygynyň amala aşyrylandygy çaklanylýar. Şunda heniz doly güýjünde ulanylmadyk mümkinçilikleriň bardygy hem bellenildi. Geçen ýyl ilçihana Türkmenistanyň raýatlaryna köp sanly işewürlik wizasyny resmileşdirdi.

Ilçi şeýle hem geçen ýyl Aşgabatda geçirilen işewürlik maslahatyna gatnaşmaga 20-den gowrak gyrgyz kompaniýasynyň gelendigini ýatlady. Ilçiniň sölerine görä. iki ýuduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli ösmegini dowam etdirer.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň