12-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlary geçiriler

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda, şenbe güni Prezident saýlawlary geçiriler. Saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda geçiriljekdigi barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kabul eden kararynda bellenilýär. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary we örän jogapkärli wezipesinde indi 15 ýyl bäri işläp gelýändigini, şol bir wagtda hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipelerini ýerine ýetirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany özüniň iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atandygyny, özi babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigini, ýurdy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýändigini belläp, özüniň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylygy esasynda degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Belläp geçsek, düýn – 11-nji fewralda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagyna 15 ýyl doldy. Türkmenistanda 2007-nji, 2012-nji, 2017-nji ýyllarda Prezident saýlawlary geçirilip, olarda sesleriň köplügi we halkyň biragyzdan ses bermegi bilen Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurduň Prezidenti 7 ýyl möhlet bilen saýlanylýar.


Yza

Şeýle hem okaň