Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy

9-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2023-nji ýylda ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 4,3 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 8,4 göterime, söwdada 12,8 göterime, oba hojalygynda 4,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterime deň boldy. 2023-nji ýylda, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,8 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,9 göterim artdy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy.

Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasynda hem-de şu ýyl üçin Döwlet býujetinde kesgitlenen gaýragoýulmasyz wezipelere laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Resminamada şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça ýerine ýetirilmeli işler, durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de maýa goýumlaryň görkezijileri bellenildi. Şeýle-de ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň