Türkmenistan BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça hyzmatdaşlyk edýär

Türkmenistanyň hökümeti we BMG-niň Ösüş maksatnamasy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin hyzmatdaşlygy giňeldýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de BMG-niň ÖM «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin meýdança» taslamasynyň nobatdaky üçünji tapgyryna badalga berdiler. Ol taraplaryň Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine berk ygrarlydygynyň ýene bir subutnamasydyr.

Taslama iki ýyla niýetlenendir, ol Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň DÖM maliýeleşdirmesini amala aşyrmak üçin jogapkär döwlet edarasy hökmünde kuwwatyny güýçlendirmek arkaly durnukly ösüşe ýardam etmäge niýetlenendir. Taslama DÖM-e ýetmekde öňegidişlige gözegçilik etmäge, durnukly ösüşi maliýeleşdirmek boýunça halkara tejribesini öwrenmäge we BSG-ä girmäge taýýarlyk görmäge gönükdiriler.

Hususan-da, hyzmatlary we maýa goýumlary, bank we maliýe bazarlarynyň elýeterliligi, şeýle hem BSG-niň talaplaryny göz öňünde tutup, salgyt kanunçylygynyň seljermesi ýaly halkara we milli hünärmenler bilen bilelikde bilermenler goldawyny bermek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek meýdançasy» taslamasynyň birinji we ikinji tapgyrlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini hem-de onuň oňyn netijelerini belläp, onuň dowam etdirilmegini tassyklady.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen BMG-niň ÖM-niň arasynda «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin maksatnama» bilelikdäki taslama 2018-nji ýylda başlandy we 2021-nji ýylda ikinji tapgyrynda işini dowam etdirdi. Ol degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we BMG-niň agentlikleriniň DÖM-e ýetmek ugrundaky tagallalaryny utgaşdyrmakda bilelikdäki meýdança bolup hyzmat edýär.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň