Ak mermerli
Aşgabadyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragy
medeni-seýilgäh toplumynda görnükli türkmen akyldar şahyrynyň kaşaň heýkelinden
başga-da, adamzadyň dünýä ruhy hazynasyna giren daşary ýurtly şahyrlardyr
akyldarlaryň heýkelleri ýerleşdiriler. Olary belli heýkeltaraş Saragt
Babaýew taýýarlaýar
Magtymguly Pyragy
medeni-seýilgäh toplumynda ýadygärligi goýulmaga dalaşgärleriň arasynda Rabindranat
Tagor (Hindistan), Iogann Wolfgang Gýote (Germaniýa), Alyşir Nowaýy
(Özbegistan), Ýunus Emre (Türkiýe) we beýlekiler bar. Wagty babatda bize has
ýakyn döredijilik şahsyýetleri hem bolar, olaryň arasynda Wilýam Şekspir, Onore
de Balzak, Fýodor Dostoýewskiý, Çingiz Aýtmatow bar.
Bu işde heýkeltaraşa
kärdeşleriniň 11-si ýardam edýär.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn
asyr»