15-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler
ministriniň orunbasary S.Muhammedurdyýewiň we Gruziýanyň Daşary işler
ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň gatnaşmagynda geçirilen türkmen-gruzin
syýasy geňeşmelerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary
maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki
ýagdaýy we mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp
maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň dürli derejelerde yzygiderli
aragatnaşyklarynyň ýokary netijeliligi we ähmiýeti bellenildi. Şunda,
döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyklaryň Türkmenistanyň
hem-de Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň esasy guraly
hökmünde çykyş edýändigi nygtaldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Daşary işler ministrlikleriniň
derejesindäki hyzmatdaşlygyň öndürijilikli häsiýetine üns çekilip, halkara
guramalarynyň çäklerindäki ýakyn özara gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.
Diplomatlar parlamentara dostluk
toparlarynyň işini güýçlendirmek arkaly parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň
zerurlygyna üns çekdiler.
Şeýle hem, taraplar ikitaraplaýyn ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işine ýokary baha berdiler.
Ulag, energetika, söwda, oba hojalygy,
syýahatçylyk, ylmy we medeni gatnaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyň geljegi
uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ozal gazanylan
ylalaşyklara laýyklykda gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny beýan etdiler.
Şol gün Gruziýanyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň
daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda däp
bolan dostlukly türkmen-gruzin gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň meseleleri ara
alnyp maslahatlaşyldy.